Aýdyň wezipeleri nazarlap

15 Mart 2021
1229

Şu ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmek we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň ähli pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatlarynda gazanylan netijeler düýpli seljerildi we ösüşiň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Munuň özi dünýäde dowam edýän durmuş-ykdysady ýagdaýlary nazara alyp, döwrüň öňde goýan çylşyrymly wezipelerini üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda örän möhüm, netijeli usullary öňe çykardy.

Hormatly Prezidentimiz 8-nji fewralda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Diýarymyzyň durnukly we depginli ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň, maksada okgunly, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýelemegiň wajypdygyny aýratyn nygtady. Elbetde, amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijeliligi köp babatda ýaşlaryň bilim derejesine baglydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bilim we ylym döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde onuň düzümleri tarapyndan toplumlaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň kesgitleýji şert bolup durýandygyny bellemek zerur.

Esen AÝDOGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory.