Sanly bilim — giň mümkinçilikler

15 Mart 2021
1454

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwre laýyk derejede kämilleşdirmek maksady bilen 2017-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bagtyýarlyk döwrümizde bu Konsepsiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleri, hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça zamanabap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimediýa programmalary, maglumat kitapçalary döredildi.

Miýaser ABDYKADYROWA,
Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri.