Çagalar — ýagty ertirimiz

14 Mart 2021
910

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny özgertmek we kämilleşdirmek, giň dünýägaraýyşly, ýokary aň-düşünjeli, kämil nesli kemala getirmek ugrundaky tagallalar barha rowaç alýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda çagalar baglarydyr mekdepleriň täze, döwrebap binalarynyň gurulmagy hem-de olaryň häzirki zaman okuw enjamlarydyr esbaplary bilen üpjün edilmegi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagyna getirýär. Çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa-interaktiw enjamlar bilen üpjünçiliginiň ýokary bolmagy sanly ulgama geçilýän döwürde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bilimiň ähmiýetini we mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de hilini dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen bu tagallalar uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurdaky giň mümkinçilikler bilim işgärlerine ylmyň täze gazananlaryndan we okatmagyň täzeçil usullaryndan netijeli peýdalanmaga, şeýlelikde ählitaraplaýyn ösen, bilimli nesli ýetişdirmäge ajaýyp şertleri açýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan» we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň usulyýet ulgamyny hem-de terbiýeçilik işlerini, okuw maksatnamalaryny hem-de okuw gollanmalaryny kämilleşdirmek, öňdebaryjy gazanylanlary ulanmak, bu ulgamdaky oňyn tejribä daýanmak arkaly, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler giň gerime eýe bolýar.

Gülaýym NARLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynyň usulçy-terbiýeçisi.