«Ýylyň mugallymy — 2021»

15 Mart 2021
1210

USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Okuwçylaryň döwrebap bilim almagy, ösen, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek üçin dürli bäsleşikler geçirilýär.