Bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

15 Mart 2021
1008

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek ugrunda öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ösen ylym-bilim gurşawyny döretmek bilen bagly işler döwrüň talaplaryna görä alnyp barylýar.

Diýarymyzyň milli bilim ulgamy hormatly Prezidentimiziň düýpli özgertmeleri esasynda döwrebaplaşdyrylmak bilen bir hatarda, ösüşiň täze belentliklerine çykaryldy. Milli bilim ulgamynyň ýokary derejede ösdürilmegi onuň halkara hyzmatdaşlykdaky ornuny has hem ýokarlandyrdy. Munuň özi ylmy önümçiligi ýola goýmakda we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde uly üstünliklere giň ýol açdy.

Jahan SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.