Oňyn netijeler gazanylýar

14 Mart 2021
1040

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen sanly bilim ulgamyndaky ösüşleriň tizlik bilen giň gerime eýe bolmagy ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga güýçli itergi berýär. Şoňa laýyklykda ähli bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usulyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyna, ylmy-barlag işlerini geçirmegine, täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär.

Ýurduň ösüşi, özgerişi, ilkinji nobatda, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunynyň ýokarylygyna bagly bolup durýar. Şunda bilimiň binýadyny berkitmekde sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti uludyr. Tehnologiýanyň ösýän döwründe onuň bilen aýakdaş gitmek ähli ulgamlarda esasy talap bolup durýar. Şonuň üçin milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar, kompýuterler ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesli döwrebap okatmakda zerur serişdelerdir. Şol serişdelerden ýerlikli peýdalanmak bolsa, bilim edaralarynda zähmet çekýän her bir mugallymyň borjudyr.

Maýagözel MUHYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.