"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Mekdep lybaslary tikilýär

Ýene bir täze okuw ýyly bosaga geldi. Oňa taýýarlyk her bir ojakda, şol sanda zähmet ojaklarynyň hem köpüsinde göze ilýär. Türkmenabatdaky iň baýry kärhanalaryň biri bolan tikin fabriginde hem şu günler täze okuw ýylyna gönükdirilen önümleriň tikilişi güýçlendirilýär. Bu barada fabrigiň önümçiligi meýilleşdiriş bölüminiň ykdysatçysy Aýnur Orunowa bilen söhbetdeş bolduk. ― Fabrigiň dokma senagatymyzdaky orny barada aýratyn maglumat berip oturmagyň hajaty hem ýok. Her aýdaky tabşyryklaryny bellenileninden hem artygy bilen ýerine ýetirýän fabrikde tikilýän önümler içerki bazarda-da, eksportda-da hyrydaryny tapýar. Eýsem, täze okuw ýyly bilen baglanyşykly nähili işler alnyp barylýar?

Karz hyzmatlary hödürlenýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan hususy pudagyň ösdürilmegi, Diýarymyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagy üçin netijeli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem bu ugurda wajyp işleri amala aşyryp, müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini günsaýyn giňeldýär. Beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda, bank tarapyndan hödürlenýän karzlaryň dürli görnüşleri ilatymyz üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýar. Amatly bank hyzmatlarynyň biri hem önümçilik maksatly karzlardyr. Olar kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenýär. Bu karzlar olary maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, olaryň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Tö­leg ul­ga­myn­da uly hyz­mat­daş­lyk

ABŞ-nyň «Square» at­ly kom­pa­ni­ýa­sy Awst­ra­li­ýa­nyň «Af­ter­pay» tö­leg ul­ga­my­ny do­lu­ly­gy­na sa­tyn al­dy. 29 mil­liard dol­lar­lyk yla­la­şyk Awst­ra­li­ýa­da ama­la aşy­ry­lan iň uly sa­tuw bol­dy. «Square» kom­pa­ni­ýa­sy­na «Twit­ter»-iň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jek Dor­si ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Bu ba­ra­da Dor­si ha­bar ber­di. «Af­ter­pay» beý­le­ki tö­leg ul­gam­la­ryn­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da «Hä­zir al, soň tö­le!» hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­ýär. 2015-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan bu ul­gam­dan 100 müň söw­da no­ka­dy peý­da­lan­ýar. Plat­for­ma­nyň 16 mil­li­on ula­ny­jy­sy bar. Jek Dor­si ma­li­ýe ul­ga­my­ny has adyl, el­ýe­ter­li we ýaý­baň ýag­da­ýa ge­tir­mek üçin iş­le­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Dor­si «Af­ter­pay» bren­di­niň bu ýö­rel­gä eýer­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Ýel­den alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry art­dy

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de ho­wa­nyň or­ta­ça ýy­ly­ly­gy­nyň ozal­ky ýyl­lar­da­ky­dan ýo­ka­ry­dy­gy bel­le­nil­ýär. Mu­ňa ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ýan­gyç hök­mün­de ula­nyl­ma­gy­nyň tä­si­ri­niň ulu­dy­gy aý­dyl­ýar. Şeý­le-de bol­sa ener­gi­ýa­nyň has aras­sa çeş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak we önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak üçin hem dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­si diý­len­de, il­ki bi­len Gün şöh­le­sin­den alyn­ýan ener­gi­ýa göz öňü­ňe gel­ýän hem bol­sa, ener­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şi­niň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­dy­ryl­ýar. Hal­ka­ra aras­sa ener­gi­ýa agent­li­gi­niň (IRE­NA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, «ýa­şyl» ener­gi­ýa ge­çi­riş­de ýel tur­bi­na­la­ry­nyň tä­si­ri has uly. Ýel­den ener­gi­ýa al­mak aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­si hök­mün­de Gün­den soň­ra ikin­ji ýer­de dur­ýar. 2010-2020-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky 11 ýy­ly öz içi­ne al­ýan dö­wür­de ýel­den alyn­ýan ener­gi­ýa 11 es­se ar­typ, 34 gi­ga­wa­ta ýe­tip­dir. 2015-nji ýyl­da äh­li ýurt­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Pa­riž ho­wa şert­na­ma­sy­na gö­rä, glo­bal ýy­ly­ly­gyň 1,5-2 de­re­je pe­sel­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň üçin de­ňiz­ler­de ke­nar­dan uzak­da gur­lan ýel tur­bi­na­la­ryn­dan alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry 2030-njy ýy­la çen­li 70 gi­ga­wat, 2050-nji­ ýy­la çen­li 350 gi­ga­wat art­dy­ryl­ma­gy göz

Elekt­ron tö­leg­le­riň äh­mi­ýe­ti

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da bank ul­ga­myn­da hem giň ge­rim­li öz­gert­me­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bank ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň ulan­mak, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şyk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça ze­rur en­jam­la­ry, prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­ni or­naş­dyr­mak iş­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar. «Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bi­len bag­ly iş­ler mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ila­tyň bank ul­ga­my­na bo­lan yna­my­ny art­dyr­mak, karz aly­jy­la­ryň we go­ýum­çy­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, bank­la­ryň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Yg­ty­bar­ly we döw­re­bap ha­sap­la­şyk ul­gam­la­ry­nyň he­re­ke­ti­ni üp­jün et­mek, şeý­le hem pul se­riş­de­le­ri­niň ýer­leş­di­ri­li­şi­ni ka­da­laş­dyr­mak ar­ka­ly ma­li­ýe ba­za­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek Türk­me­nis­ta­nyň pul-karz sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup çy­kyş ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň ulag bo­ýun­ça Ka­rar­na­ma­sy ka­bul edil­di

Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi. Bu Ka­rar­na­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­si dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de, hu­su­san-da, ulag ul­ga­myn­da, hä­zir­ki dö­wür­de ýü­ze çy­kan tö­wek­gel­çi­lik­le­ri pe­selt­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny güýç­len­dir­mek­den hem-de bu ba­bat­da de­giş­li hu­kuk bin­ýa­dy­ny ke­ma­la ge­tir­mek­den yba­rat­dyr.

Azi­ýa­nyň iň gym­ma­t brendi

Tai­wa­nyň «Se­micon­ductor Ma­nu­factu­ring Co.» (TSMC) kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­de aw­tou­lag we smart­fon önüm­çi­li­gi­niň art­ma­gy bi­len ýü­ze çy­kan çip ýet­mez­çi­li­gin­den has go­wy ne­ti­je çy­kar­dy. Şu ýy­lyň ba­şyn­da elekt­ron en­jam­la­ry­na we aw­tou­lag­la­ra is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy bü­tin dün­ýä­de ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň ýet­mez­çi­lik et­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Şol se­bäp­li kä­bir aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri önüm­çi­li­gi­ni wagt­la­ýyn tog­tat­ma­ly bo­lup­dy­lar. Bar­ha art­ýan is­le­giň ne­ti­je­sin­de tai­wan bren­di­niň paý­na­ma­la­ry gym­mat­lap, ba­zar nyr­hy 552 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Şeý­le­lik­de, hä­zi­re çen­li Azi­ýa­da dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan, şol san­da elekt­ron oýun­la­ry­ny hem ön­dür­ýän «Tencent»-den oz­dur­dy.

Ýedi aýyň jemi jemlenildi

Geçen şenbe güni Balkan welaýatynda we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp hasabat ýygnagy geçirildi. Hasabat ýygnagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan wagtynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hasabat ýygnagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Onda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň, birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, meýilnamalar, hususan-da, tebigy gazyň, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, agtarmak we özleşdirmek, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig mal bilen ygtybarly üpjün etmek, nebiti gaýtadan işlemek, benziniň, dizel ýangyjynyň polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişini ýokarlandyrmak, maýa goýumlarynyň özleşdirilişi,

Kuwwatly desgalardaky sazlaşykly işler

Türkmen topragynyň gymmatly baýlygy bolan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmaly, ony çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli önümleri köp öndürmeli. Ine, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň başarjaň işgärleri şeýle belent maksada gulluk edýärler. Olar ýurdumyzy şanly toýa — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaşdyrýan her bir güni zähmet üstünliklerine besleýärler. — Ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň hatyrasyna müdirligimiziň ähli önümçilik bölümlerinde ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekilýär. Biz hünärmenlerimiziň ýokary netijeli işlemegi üçin amatly iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge uly ähmiýet berýäris. Şonuň netijesinde kämil desgalarymyzda işler gyzgalaňly dowam edýär — diýip, müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Begenç Haýdarow gürrüň berýär.

Ykdysadyýet we durmuş

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. DÖWREBAP KANUN

Söwda toplumynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

30-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda «Bagtyýar nesil — bagtyýar Watan» atly maslahat geçirildi. Maslahaty geçirmegiň maksady edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, halal zähmete bolan söýgini terbiýelemekden, edep-ekramly, halal bolmaklygy, her bir raýatyň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmakdan, ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmakdan, kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Maliýe, ykdysadyýet we durmuş syýasaty barada komitetiniň agzasy M.Geldiýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty A.Göjenowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekili H.Handurdyýewa dagy çykyş etdiler.

«Kerwen» onlaýn söwda-habar platformasy öz işine başlady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de «Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýetiniň zamanabap taslamasy esasynda, «Kerwen» onlaýn söwda-habar platformasy tora goýberildi. «Kerwen» platformasynyň esasy maksady, dünýäniň çar künjündäki onlaýn täjirçilik meýdançasyna ýol açmakdan ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Türkiýeden, Gonkongdan, BAE-den we Kiprden gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen gurluşyk önümleri we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli matalar satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 123 müň 990 dollaryndan gowrak boldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Kipriň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Energetika howpsuzlygynyň hukuk esaslary

Sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň özara baglaşylan halkara-hukuk derejesindäki ikitaraplaýyn resminamalary hemişelik bitaraplyk syýasatynyň hukuk esasy hökmünde çykyş edýär. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap amala aşyrylýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň BMG derejesinde ykrar edilmegi halkara gatnaşyklar ulgamynda synagdan geçen institutlaryň biri bolan bitaraplygyň taryhynda ilkinji tejribeleriň birine öwrüldi. Geçen döwürde ýurdumyzyň nebit-gaz toplumynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm işlere amal edildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika howpsuzlygyny milli, sebit we halkara derejede üpjün etmek üçin zerur bolan mehanizmleri döretmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi. Häzirki döwrüň global howpsuzlyk şertlerinde energetika howpsuzlygy esasy meseleleriň biri bolup çykyş edýär. Bu ýöne ýerden däldir. Sebäbi energiýa çeşmeleriniň elýeterliligi, bu ugurda ösen infrastrukturanyň bolmagy, häzirki zaman ykdysadyýetiň ösmegi, halklaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy bütin adamzadyň medeni we ruhy taýdan ösmegi üçin maddy binýady döretmegiň esasy faktory bolup durýar. Aslyýetinde, energetika howpsuzlygy global howpsuzlygyň institusional esaslarynyň biri bolup hyzmat edýär.

Milli ykdysadyýetimiz ösüşlere beslenýär

Häzirki bagtyýarlyk döwrümiz beýik ösüşlere beslenýär, dürli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Eziz Diýarymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen bir hatarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny hem şertlendirdi. Ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berilýän dürli maksatly binalaryň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bagtyýarlyk ýoluna düşen halkymyzyň her bir gününiň ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýändigini aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz beýik ösüşlere beslendi. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny üpjün etdi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýär, beýik işleri durmuşa geçirýär. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy ösüşiň täze belentliklerine ýetmek bilen mynasyp garşylanýar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy: düzüme maýa goýumlary çekilýär we innowasiýalar ornaşdyrylýar

Ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwrebap tehnologiýalary hem-de usullary ulanmak arkaly çig nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, nebit guýularyny abatlamak, harytlyk nebitiň gaýtadan işleýän kärhanalara üznüksiz iberilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak hem-de sarp edijileriň bu önüm bilen ygtybarly üpjün edilmegini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýerasty gaz saklawhanalarynyň gurluşygynyň meselelerine işjeň çemeleşmegiň zerurdygy bellenildi.

Ykdysadyýetiň berk binýady

Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi, öz nobatynda, mugallymlaryň, okuwçylardyr talyplaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Sanly bilim ulgamy elektron resminama dolanyşygyny guramak, elektron kitaphana, maglumat üpjünçiligi, okuwçylar ýa-da talyplar bilen göni aragatnaşykda teleköpri arkaly sapaklary geçirmek, bilimleri barlamakda we ony bahalandyrmakda berk gözegçiligi ýola goýmak, olary baý maglumatlar bilen üpjün etmek ýaly ençeme ýeňillikleri döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzy ylmyň, tehnologiýanyň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga gönükdirilendir. Türkmenistan döwletimizde iň täze tehnologiýalary peýdalanmak, innowasion önümçiligi ýola goýmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga niýetlenilen ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde ösen ýurtlaryň baý tejribelerinden ugur alynýar. Bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimize daýanýan döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde sanly ykdysadyýet ulgamy işjeň hereket edýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň K

Amatly bank hyzmatlary halkyň bähbidine

«Türkmenistanda bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda» ýurdumyzyň karz edaralarynyň öňünde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde birnäçe möhüm wezipeler goýulýar. Bu çäreleri durmuşa  geçirmekde karz edaralaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap usullarda zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Karary ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly orun tutýan telekeçiligi ösdürmekde we goldamakda, telekeçilere ýeňillikli karzlary bermekde möhüm ähmiýete eýedir. Kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önüm öndürmekleri üçin we maýa goýum taslamalaryna 10 ýyl möhlete, dolanyşyk serişdelerini satyn almak üçin 1 ýyl möhlete, ýyllyk 5 göterimli karzlary bermek ýola goýuldy.

Bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan hususy pudagyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagy babatda durmuşa geçirilýän işler uly üstünliklere beslenýär. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem bu ugurda wajyp işleri amala aşyrýar, müşderilerine edilýän hyzmatlaryň gerimini günsaýyn giňeldýär. Beýleki hyzmatlar bilen birlikde, bankymyz tarapyndan hödürlenilýän karzlaryň dürli görnüşleri ilatyň bähbidinden gözbaş alýar. Şeýle amatly bank hyzmatlarynyň biri hem önümçilik maksatly karzlardyr. Karz serişdeleri kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenýär. Bu karzlar olary maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, olary has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Arkadag Prezidentimiziň hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, ýurdumyzda ýyladyşhanalary gurmak arkaly öz işini alyp barýan hususy taraplaryň sany barha artýar. Muňa mysal hökmünde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň hem-de Gökdepe etrabynyň Ýaňgala daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanalary görkezmek bolar. Bu ýyladyşhanalarda şitil ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda, bakja önümleriniň önümçilik maksatly taslamalaryny durmuşa geçirmäge, möçberlerini a