Karz hyzmatlary hödürlenýär

6 Awgust 2021
923

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan hususy pudagyň ösdürilmegi, Diýarymyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagy üçin netijeli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem bu ugurda wajyp işleri amala aşyryp, müşderilere edilýän hyzmatlaryň gerimini günsaýyn giňeldýär. Beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda, bank tarapyndan hödürlenýän karzlaryň dürli görnüşleri ilatymyz üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýar.

Amatly bank hyzmatlarynyň biri hem önümçilik maksatly karzlardyr. Olar kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenýär. Bu karzlar olary maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, olaryň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Kakageldi BEKDURDYÝEW,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň karzlary bermek we dolandyrmak bölüminiň müdiri.