Bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

28 Iýul 2021
1009

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan hususy pudagyň ösdürilmegi, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulmagy babatda durmuşa geçirilýän işler uly üstünliklere beslenýär. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky hem bu ugurda wajyp işleri amala aşyrýar, müşderilerine edilýän hyzmatlaryň gerimini günsaýyn giňeldýär. Beýleki hyzmatlar bilen birlikde, bankymyz tarapyndan hödürlenilýän karzlaryň dürli görnüşleri ilatyň bähbidinden gözbaş alýar. Şeýle amatly bank hyzmatlarynyň biri hem önümçilik maksatly karzlardyr. Karz serişdeleri kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, şeýle hem edaradyr kärhanalara, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hödürlenýär. Bu karzlar olary maliýe taýdan goldamakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, olary has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Arkadag Prezidentimiziň hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, ýurdumyzda ýyladyşhanalary gurmak arkaly öz işini alyp barýan hususy taraplaryň sany barha artýar. Muňa mysal hökmünde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň hem-de Gökdepe etrabynyň Ýaňgala daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanalary görkezmek bolar. Bu ýyladyşhanalarda şitil ösdürip ýetişdirmek bilen bir hatarda, bakja önümleriniň önümçilik maksatly taslamalaryny durmuşa geçirmäge, möçberlerini artdyrmaga, öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmäge we hilini gowulandyrmaga ýardam edýän köpugurly işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu ugurda bitirilýän beýik işler azyk bolçulygyna uly ýardam etmek bilen, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýurduň daşyndan getirilýän harytlara baglylygynyň aradan aýrylmagyna şertleri artdyrýar.

Kakageldi BEKDURDYÝEW,
Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň Karzlary bermek we dolandyrmak bölüminiň müdiri.