Ýel­den alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry art­dy

5 Awgust 2021
864

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de ho­wa­nyň or­ta­ça ýy­ly­ly­gy­nyň ozal­ky ýyl­lar­da­ky­dan ýo­ka­ry­dy­gy bel­le­nil­ýär. Mu­ňa ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ýan­gyç hök­mün­de ula­nyl­ma­gy­nyň tä­si­ri­niň ulu­dy­gy aý­dyl­ýar. Şeý­le-de bol­sa ener­gi­ýa­nyň has aras­sa çeş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak we önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak üçin hem dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­si diý­len­de, il­ki bi­len Gün şöh­le­sin­den alyn­ýan ener­gi­ýa göz öňü­ňe gel­ýän hem bol­sa, ener­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şi­niň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­dy­ryl­ýar. Hal­ka­ra aras­sa ener­gi­ýa agent­li­gi­niň (IRE­NA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, «ýa­şyl» ener­gi­ýa ge­çi­riş­de ýel tur­bi­na­la­ry­nyň tä­si­ri has uly. Ýel­den ener­gi­ýa al­mak aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­si hök­mün­de Gün­den soň­ra ikin­ji ýer­de dur­ýar. 2010-2020-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky 11 ýy­ly öz içi­ne al­ýan dö­wür­de ýel­den alyn­ýan ener­gi­ýa 11 es­se ar­typ, 34 gi­ga­wa­ta ýe­tip­dir. 2015-nji ýyl­da äh­li ýurt­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Pa­riž ho­wa şert­na­ma­sy­na gö­rä, glo­bal ýy­ly­ly­gyň 1,5-2 de­re­je pe­sel­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň üçin de­ňiz­ler­de ke­nar­dan uzak­da gur­lan ýel tur­bi­na­la­ryn­dan alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň muk­da­ry 2030-njy ýy­la çen­li 70 gi­ga­wat, 2050-nji­ ýy­la çen­li 350 gi­ga­wat art­dy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

Ge­çen ýyl Hy­taý­da de­ňiz­de gur­lan ýel tur­bi­na­la­ry­nyň umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň 3 gi­ga­wat kö­pe­len­di­gi mä­lim edil­di. Bu gör­ke­zi­ji Ni­der­land­lar­da 1,5 gi­ga­wat, Bel­gi­ýa­da 0,7 gi­ga­wat ar­typ­dyr. Taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da bu ugur­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň öň­de­li­gi eýe­le­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň kö­pel­me­gi­ne aras­sa ener­gi­ýa ön­dür­mek üçin ge­rek bo­lan teh­no­lo­gi­ýa­nyň hem ar­zan­la­ma­gy­nyň tä­si­ri­niň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär.