Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň ulag bo­ýun­ça Ka­rar­na­ma­sy ka­bul edil­di

5 Awgust 2021
823

Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.

Bu Ka­rar­na­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­si dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de, hu­su­san-da, ulag ul­ga­myn­da, hä­zir­ki dö­wür­de ýü­ze çy­kan tö­wek­gel­çi­lik­le­ri pe­selt­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny güýç­len­dir­mek­den hem-de bu ba­bat­da de­giş­li hu­kuk bin­ýa­dy­ny ke­ma­la ge­tir­mek­den yba­rat­dyr.