Söwda toplumynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2 Awgust 2021
1023

30-njy iýulda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda «Bagtyýar nesil — bagtyýar Watan» atly maslahat geçirildi. Maslahaty geçirmegiň maksady edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, halal zähmete bolan söýgini terbiýelemekden, edep-ekramly, halal bolmaklygy, her bir raýatyň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmakdan, ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmakdan, kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Maliýe, ykdysadyýet we durmuş syýasaty barada komitetiniň agzasy M.Geldiýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty A.Göjenowa, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň wekili H.Handurdyýewa dagy çykyş etdiler.

Gurbanmämmet REJEPOW,
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.