Mekdep lybaslary tikilýär

6 Awgust 2021
1380

Ýene bir täze okuw ýyly bosaga geldi. Oňa taýýarlyk her bir ojakda, şol sanda zähmet ojaklarynyň hem köpüsinde göze ilýär. Türkmenabatdaky iň baýry kärhanalaryň biri bolan tikin fabriginde hem şu günler täze okuw ýylyna gönükdirilen önümleriň tikilişi güýçlendirilýär. Bu barada fabrigiň önümçiligi meýilleşdiriş bölüminiň ykdysatçysy Aýnur Orunowa bilen söhbetdeş bolduk.

― Fabrigiň dokma senagatymyzdaky orny barada aýratyn maglumat berip oturmagyň hajaty hem ýok. Her aýdaky tabşyryklaryny bellenileninden hem artygy bilen ýerine ýetirýän fabrikde tikilýän önümler içerki bazarda-da, eksportda-da hyrydaryny tapýar. Eýsem, täze okuw ýyly bilen baglanyşykly nähili işler alnyp barylýar?

Söhbetdeş bolan Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.