Amatly bank hyzmatlary halkyň bähbidine

28 Iýul 2021
1044

«Türkmenistanda bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda» ýurdumyzyň karz edaralarynyň öňünde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde birnäçe möhüm wezipeler goýulýar. Bu çäreleri durmuşa  geçirmekde karz edaralaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap usullarda zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredilen.

Hormatly Prezidentimiziň «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Karary ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly orun tutýan telekeçiligi ösdürmekde we goldamakda, telekeçilere ýeňillikli karzlary bermekde möhüm ähmiýete eýedir. Kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önüm öndürmekleri üçin we maýa goýum taslamalaryna 10 ýyl möhlete, dolanyşyk serişdelerini satyn almak üçin 1 ýyl möhlete, ýyllyk 5 göterimli karzlary bermek ýola goýuldy.

Akgül GARAÝEWA,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Serdar» şahamçasynyň karzlaşdyryş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni.