Elekt­ron tö­leg­le­riň äh­mi­ýe­ti

5 Awgust 2021
849

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da bank ul­ga­myn­da hem giň ge­rim­li öz­gert­me­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bank ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň ulan­mak, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şyk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça ze­rur en­jam­la­ry, prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­ni or­naş­dyr­mak iş­le­ri ama­la aşy­ryl­ýar.

«Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bi­len bag­ly iş­ler mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Ila­tyň bank ul­ga­my­na bo­lan yna­my­ny art­dyr­mak, karz aly­jy­la­ryň we go­ýum­çy­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak mak­sa­dy bi­len, bank­la­ryň ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Yg­ty­bar­ly we döw­re­bap ha­sap­la­şyk ul­gam­la­ry­nyň he­re­ke­ti­ni üp­jün et­mek, şeý­le hem pul se­riş­de­le­ri­niň ýer­leş­di­ri­li­şi­ni ka­da­laş­dyr­mak ar­ka­ly ma­li­ýe ba­za­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek Türk­me­nis­ta­nyň pul-karz sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup çy­kyş ed­ýär.