Ýedi aýyň jemi jemlenildi

2 Awgust 2021
958

Geçen şenbe güni Balkan welaýatynda we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp hasabat ýygnagy geçirildi. Hasabat ýygnagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolan wagtynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabat ýygnagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Onda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň, birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, meýilnamalar, hususan-da, tebigy gazyň, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, agtarmak we özleşdirmek, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig mal bilen ygtybarly üpjün etmek, nebiti gaýtadan işlemek, benziniň, dizel ýangyjynyň polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişini ýokarlandyrmak, maýa goýumlarynyň özleşdirilişi, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, nebitgaz toplumynyň edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda berlen tabşyryklar hakynda durlup geçildi.

«Nebit-gaz».