"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Bagajaly baýlyk öndürijiler

Ymgyr Garagumuň bu sebitinde ýurt Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde kuwwatly senagat düzümi peýda boldy. Türkmen topragynyň astyndan tebigy gaz gazylyp alynsa, Bagaja meýdançasynda ony gaýtadan işleýän häzirki zaman desgalary gurlup, işe girizildi. Şonuň netijesinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirliginiň Bagajadaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynda indi birnäçe ýyllardan bäri içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýangyç üznüksiz öndürilýär. — Bizde dürli hünärli işgärleriň iki ýüzüsi bolup, olar çylşyrymly enjamlar oturdylan desgalarda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Hünärmenlerimiz hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna, berýän ýardam-hemaýatyna päk zähmet çekmek bilen jogap berýärler. Döwlet Baştutanymyz bolsa zähmet adamlarynyň bitirýän işlerine hemişe mynasyp baha berýär. Bu diýýänlerime Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli işgärlerimiziň ikisiniň döwlet sylagyna mynasyp bolandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle üns-alada has joşgunly we ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar — diýip, toplumyň ýolbaşçysy Farhat Saidow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Senagat işgärleri sarpalanyldy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, pudakda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýan adamlaryň zähmetine mynasyp hormat goýulýar. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde Senagat işgärleriniň gününiň uly dabaralar bilen baýram edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda bolup geçen dabaraly maslahat hem şu senä bagyşlandy. Oňa welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şu ulgama degişli edara-kärhanalaryň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar.

Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

Düýpli özgertmeleriň oňyn täsiri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz depginli ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli Liderimiziň alyp barýan oýlanyşykly maliýe-ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ykdysady-maliýe taýdan durnukly ösüşine itergi berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, durmuşa geçirilýän ykdysady-maliýe özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň ösüş--özgerişli menzillerine kuwwatly itergi berýär. Milli Liderimiziň oýlanyşykly ykdysady-maliýe syýasaty Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarydyr ulgamlarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ösüşli ýolumyza badalga berýär.

Gaz geçirijiniň gurluşygynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymaty il-gün bähbitli giň möçberli işlerde özüniň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ilatly ýerlerde gaz, suw we elektrik geçirijilerini çekmek, öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek wajyp wezipe bolmagynda galýar. Şu işler bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň anyk we il-gün bähbitli işlerde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. “Türkmengaz” üpjünçilik birleşiginiň gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülüşiniň gazçylaram obalary gazlaşdyrmakda uly tagalla edýärler. Olar oba ýerlerinde dürli basyşly gaz geçirijilerini çekmek bilen öz öňlerinde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmäge çalyşýarlar. Meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin öndürijilikli zähmet çekýärler. Tebigy gazyň akymy bilen iş salşylanda işiň hili aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem gazçylar ýerine ýetirilýän gurluşyk-gurnama işleriniň hiliniň ýokary bolmagyna ýeterlik üns berýärler. Gürrüňi edilýän guramanyň zähmetsöýer adamlary Wekilbazar etrabynyň Narly geňeşliginiň ilatly ýerlerinde gaz geçiriji çekmekde uly işleri bitirdiler. Bu ýerde işleriň ýokary depginli we gowy hilli alnyp barylmagyna prorab Batyr Hu

Ykdysadyýet we sanly ulgam

«7/24.tm», №42 (73), 18.10.2021. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde döwrebaplaşdyrylmagy, ýagny käbir ýokary okuw mekdepleriniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi döwrüň talabydyr.

Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyryp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi täze belentliklere göterilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlarda rowaçlyk tapýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan Kän müdirliginiň hünärmenleriniň hem mynasyp paýy bar. Diňe bir şu ýylyň geçen dokuz aýynda magdan däl materiallary öndürmegiň meýilnamasyna 102 göterime golaý amal edildi. Şunda bitirilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 12 million manatlyga barabar boldy. Gürrüňi edilýän döwürde 3 million 170 müň manatlyk gurluşyk materiallaryny taýýarlamagyň tabşyrygyna 120 göterime barabar amal edendigimizi hem aýratyn nygtasym gelýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Ykdysady ösüşiň baş ugurlary

Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisiniň barşynda bu ugra aýratyn ähmiýet berildi. Onda Prezident Maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenmegi şeýle diýmäge esas berýär. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça maslahat geçirmegi we onuň ähli maddalaryna seretmegi öňde duran wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Milli senagatyň ösüşli menzilleri

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasion esasda ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň wajyp ugry senagat toplumyna degişlidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, täze pudaklaryň döremeginde, ýurdumyzyň çäginde öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagynda, mineral-çig mal serişdelerimiziň rejeli ulanylmagynda we daşky gurşawyň aýawly saklanylmagynda, döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginde, ýokary bilimli, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda aýgytly ähmiýete eýe bolýan senagat toplumy kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz 25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň 60 göterimden hem köpüsiniň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň onuň möçberiniň 15 göterimine golaýlaýandygyny belledi. Senagat toplumynyň iri ugurlarynyň biri bolan gurluşyk toplumy Garaşsyzlyk döwründe gülläp ösen pudaklaryň biridir. Bu toplum gurluşyk desgalaryny taslamakdan başlap, olaryň doly işe girizilýän döwrüne çenli işleriň doly toplumyny amala aşyrýar, munuň üçin zerur bolan gurluşyk binýady we maddy serişdeleriň ýörite görnüşleriniň önümçiligi bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, senagat toplumynyň p

Kärhananyň täze önümi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa kärhanasy öz işini döwrüň talabyna görä guramak bilen, iň bir öndürijilikli işleýän önümçilik kärhanalarynyň birine öwrüldi. Kärhananyň hünärmenleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, döredijilik gözleglerini yzygiderli alyp barýarlar. Netijede, kärhanada önümçiligiň täze görnüşleri ýola goýuldy. Kärhananyň öňdebaryjy tejribä daýanyp, täzeçillige ýykgyn etmegi bilen, bu ýerde ýurdumyz üçin zerur önümleriň 10-a golaýy öndürilýär. Himiýa kärhanasy indi iki ýyl bäri «Çelek» hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Ylmy gözlegler esasynda möhüm önümçiligi ýola goýmaga çalyşýan «Çelek» hususy kärhanasy, ilki bilen, Himiýa kärhanasyndan önümçilik üçin zerur bolan desgany kärendesine aldy. Soňra bu ýerde Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan önümçilik enjamlaryny gurnady. Awtomatik ulgam boýunça işleýän önümçilik enjamlary gurnalanda, «Çelek» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Geldimyrat Gurbanow kärhananyň öz düzen tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagyny gazandy. Sebäbi hytaý tehnologiýasy çylşyrymly bolup, biziň şertlerimize laýyk gelmeýärdi. Hut şoňa görä-de, göz öňünde tutulýan önümi almak üçin, ýerli tehniki şertlere laýyk gelýän usul saýlanyp alyndy. Senagat garyndy suwuklygy almak üçin oňa goşulýan goşundylaryň käbiri daşary ýurtlardan satyn alynsa, öz ýurdumyzda bar bolan

Bank ulgamy kämilleşdirilýär

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, döwrebaplaşdyrylýar. Şol sanda bu ugurdaky giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Diýarymyzda ýetilýän belent sepgitleriň hatarynda ösüşlere beslenýän bank ulgamyny mysal görkezmek bolar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli Liderimiziň alyp barýan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, bank ulgamynyň milli we döwrebap görnüşi kemala getirildi. Olaryň hereket etmeginiň binýadynda goýlan düýpli ýörelgeler durmuş ugurlary nazarlaýan ykdysadyýetiň täze talaplaryna laýyk gelýär. Häzirki wagtda günsaýyn ösdürilýän bazar gatnaşyklarynyň banklaryň uzakmöhletleýin ösüşinde ygtybarlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ygtybarlylygynyň ep-esli ýokarlandyrylmagy-da şol maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir.

Ösüşleriň täze tapgyry

Ine, indi birnäçe ýyldan bäri oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde ýurdumyzda Senagat işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Döwlet derejesinde bellenilýän bu hünär baýramçylygy milli ykdysadyýeti ösdürmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli önümleri öndürmekde Garaşsyz Türkmenistanyň senagat toplumynyň ykrarnamasyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagat pudagy okgunly ösüp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň senagaty mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen strategik ugrunyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri, şol sanda maşyngurluşyk, gurluşyk we himiýa senagaty, elektrik energetikasy we elektron senagaty boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, nebiti gaýtadan işleýän senagat, dokma pudagy hem-de beýleki ulgamlar innowasion esasda döwrebaplaşdyrylýar. Hut şol pudaklarda ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply senagat önümleri öndürilýär. Galyberse-de, biz häzir ýurdumyzda ilatyň sarp edýän harytlarynyň ähli görnüşleriniň diýen ýaly öndürilýändigini ynamly aýdyp bileris.

Milli ykdysadyýetimiziň daýanjy

Toý-baýramly Diýarymyzyň senagatynda durmuşa geçirilýän özgertmeler bagtyýarlyk döwrümize buýsanç hem guwanç duýgularyny döredýär. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ýurdumyzyň köpugurly senagatyny mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, öndürilýän senagat önümleriniň möçberini we görnüşlerini artdyrmakda, hilini gowulandyrmakda önjeýli işleri alyp barýan senagat işgärleriniň tutanýerli zähmetine mynasyp baha berilýär. Her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Senagat işgärleriniň güni munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol pudagyň işgärlerine goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň senagat pudagynda amala aşyrylýan giň möçberli işler milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejedäki ösüşini üpjün edýär. Şeýlelikde, pudak uly ösüşlere eýe bolýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzyň ynamly ösüşi üçin bu ulgamy has-da ösdürmek döwlet syýasatynyň baş maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Baky berkarar döwletimizde kämil senagat ulgamyny kemala getirmek üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň senagat düzümini sazlaşykly ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, senagat taýdan ösüşiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Senagat işgärleriniň gününe

GUWANDYRYJY ÜSTÜNLIKLER GAZANYLÝAR Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň senagat toplumy ösýär, özgerýär. Senagat pudagynda zähmet çekýän işgärleriň gazanan üstünliklerini we tutanýerli zähmetini dabaralandyrýan hünär baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurt derejesinde giňden bellenilýär.

Azi­ýa­nyň howp­suz­ly­gy we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mas­la­hat­la­şyl­dy

  Azi­ýa­da öza­ra hyz­mat­daş­lyk we yna­my ber­kit­mek çä­re­le­ri bo­ýun­ça ge­ňe­şe (CICA) gat­naş­ýan ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň VI mas­la­ha­ty 11-12-nji okt­ýabr­da Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty Nur-Sul­tan­da ge­çi­ril­di.Mas­la­ha­tyň işi­ne bi­ziň ýur­du­myz­dan da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow gat­naş­dy. Du­şu­şyk­da howp­suz­lyk, se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­daý­lar, şol san­da, ow­gan hal­ky­na kö­mek ber­me­giň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.CICA yk­dy­sa­dy, har­by-sy­ýa­sy, yn­san­per­wer we daş­ky gur­şaw, şeý­le hem, tä­ze kyn­çy­lyk­lar we we­him­ler ba­ba­tyn­da ama­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin esa­sy se­bit gep­le­şik­le­ri plat­for­ma­sy­dyr. Fo­rum 1992-nji ýyl­da Ga­za­gys­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­dil­di. CICA-nyň sek­re­ta­ria­ty Nur-Sul­tan­da ýer­leş­ýär.Onuň dü­zü­mi­ne 27 döw­let gir­ýär (Rus­si­ýa, Azer­baý­jan, Ow­ga­nys­tan, Bang­la­deş, Bah­reýn, Wýet­nam, Mü­sür, Ys­ra­ýyl, Hin­dis­tan, Ior­da­ni­ýa, Yrak, Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Kam­bo­ja, Ka­tar, Gyr­gy­zys­tan, Hy­taý, Mon­go­li­ýa, BAE, Pa­les­ti­na, Pa­kis­tan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Tä­ji­gis­tan, Taý­land, Tür­ki­ýe, Öz­be­gis­tan, Şri-Lan­ka). 14 ýur­duň we bi­le­le­şi­giň syn­çy de­re­je­si bar (Türk­

Durnukly ösüşiň strategik ýoly

Eziz Watanymyz garaşsyz ösüş döwründe dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girmek bilen, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan üstünlikli ykdysady syýasaty alyp barýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baý tebigy baýlyklaryny, zähmet serişdelerini rejeli ulanmaga, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen oýlanyşykly, takyk hasaplamalara esaslanyp alyp barýan ykdysady syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, has takygy ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalyk, gurluşyk, söwda pudaklary bilen bir hatarda hususy telekeçilik, dokma pudaklarynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gazanylýan bu uly üstünlikler döwletimiziň maliýe-ykdysady taýdan durnukly we sazlaşykly ösýändigini, önümçilik kuwwatlarynyň has-da berkeýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, maýa goýum çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak, maýa goýumlaryny durmuş we inženerçilik düzümine goýmak türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Onuň netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda berk maýa goýum kuwwaty bolan netijeli ykdysady ulgam döredildi. Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetini kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, ýokary durmuş derejesine çykarmagyň strat

Ösüşiň täze mümkinçilikleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar, milli ykdysadyýetimiz has-da ösdürilýär. Döwrebap ösüşiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki ugurlaryň durmuşa geçirilmegi, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagatyň kemala getirilmegi berk binýat bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan uly işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Eziz Diýar bagtyýarlyga beslenýär

Häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň belent maksatly menzillerinde durnukly ösüş üpjün edilýär. Ösüşli günlerimiziň her biri eziz Diýarymyzy taryhy ähmiýetli üstünliklere besleýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň beýik ösüşlere eýe bolýandygyna, amala aşyrylýan özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde günsaýyn belent sepgitleri eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz berkarar Watanymyzyň häzirki döwürde has çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna goşulandygyny, şeýle buýsançly ösüşleriň ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp üstünliklerimizdigini belleýär. Ýurdumyzda jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi biziň gazanan guwandyryjy netijelerimizdigini bellemek has-da guwandyryjydyr.

Üstünilkli işler — rowaçlygyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşi barha ýokarlanýar, dünýäde uly abraýa eýe bolýar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler biziň her birimizi guwandyrýar, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Belent ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwrümizde her bir pudakda täze üstünlikler gazanylýar, döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzy ösdürmek, ylmyň gazananlaryny her bir işe ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolmak bilen, olar döwür bilen aýakdaş gitmek, ösüşiň geljegini nazarda tutmak ugurlary bilen pugta baglanyşdyrylýar. Şeýle asylly ýörelgelerden ugur alynýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri belent maksatly ösüşleriň döwri bolup, biziň her birimiziň kalbymyza doldy.

Sanly ykdysadyýet — ösüşlere badalga

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň elektron ulgamda merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, şahsyýetsizleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi we toparyň düzümi, topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi.