Durnukly ösüşiň strategik ýoly

14 Oktýabr 2021
1156

Eziz Watanymyz garaşsyz ösüş döwründe dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girmek bilen, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan üstünlikli ykdysady syýasaty alyp barýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baý tebigy baýlyklaryny, zähmet serişdelerini rejeli ulanmaga, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen oýlanyşykly, takyk hasaplamalara esaslanyp alyp barýan ykdysady syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, has takygy ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalyk, gurluşyk, söwda pudaklary bilen bir hatarda hususy telekeçilik, dokma pudaklarynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gazanylýan bu uly üstünlikler döwletimiziň maliýe-ykdysady taýdan durnukly we sazlaşykly ösýändigini, önümçilik kuwwatlarynyň has-da berkeýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, maýa goýum çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak, maýa goýumlaryny durmuş we inženerçilik düzümine goýmak türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Onuň netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda berk maýa goýum kuwwaty bolan netijeli ykdysady ulgam döredildi.

Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetini kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, ýokary durmuş derejesine çykarmagyň strategik ýoly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisinde eksportyň möçberiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterime golaý artandygyny, iň esasy zadyň bolsa, eksportyň möçberiniň, ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda, 50 göterime golaý artandygyny bellemegi milli ykdysadyýetiň guwandyryjy üstünligidir.

Abdy ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.