Bagajaly baýlyk öndürijiler

18 Oktýabr 2021
809

Ymgyr Garagumuň bu sebitinde ýurt Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde kuwwatly senagat düzümi peýda boldy. Türkmen topragynyň astyndan tebigy gaz gazylyp alynsa, Bagaja meýdançasynda ony gaýtadan işleýän häzirki zaman desgalary gurlup, işe girizildi. Şonuň netijesinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirliginiň Bagajadaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynda indi birnäçe ýyllardan bäri içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýangyç üznüksiz öndürilýär.

— Bizde dürli hünärli işgärleriň iki ýüzüsi bolup, olar çylşyrymly enjamlar oturdylan desgalarda arman-ýadaman zähmet çekýärler. Hünärmenlerimiz hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna, berýän ýardam-hemaýatyna päk zähmet çekmek bilen jogap berýärler. Döwlet Baştutanymyz bolsa zähmet adamlarynyň bitirýän işlerine hemişe mynasyp baha berýär. Bu diýýänlerime Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli işgärlerimiziň ikisiniň döwlet sylagyna mynasyp bolandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle üns-alada has joşgunly we ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar — diýip, toplumyň ýolbaşçysy Farhat Saidow buýsanç bilen gürrüň berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».