Üstünilkli işler — rowaçlygyň binýady

14 Oktýabr 2021
956

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşi barha ýokarlanýar, dünýäde uly abraýa eýe bolýar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler biziň her birimizi guwandyrýar, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Belent ösüşlere beslenýän bagtyýarlyk döwrümizde her bir pudakda täze üstünlikler gazanylýar, döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzy ösdürmek, ylmyň gazananlaryny her bir işe ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolmak bilen, olar döwür bilen aýakdaş gitmek, ösüşiň geljegini nazarda tutmak ugurlary bilen pugta baglanyşdyrylýar. Şeýle asylly ýörelgelerden ugur alynýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri belent maksatly ösüşleriň döwri bolup, biziň her birimiziň kalbymyza doldy.

Jennet HALLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.