Milli senagatyň ösüşli menzilleri

17 Oktýabr 2021
931

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasion esasda ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň wajyp ugry senagat toplumyna degişlidir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, täze pudaklaryň döremeginde, ýurdumyzyň çäginde öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagynda, mineral-çig mal serişdelerimiziň rejeli ulanylmagynda we daşky gurşawyň aýawly saklanylmagynda, döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginde, ýokary bilimli, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagynda aýgytly ähmiýete eýe bolýan senagat toplumy kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz 25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlarynyň 60 göterimden hem köpüsiniň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýynyň onuň möçberiniň 15 göterimine golaýlaýandygyny belledi.

Senagat toplumynyň iri ugurlarynyň biri bolan gurluşyk toplumy Garaşsyzlyk döwründe gülläp ösen pudaklaryň biridir. Bu toplum gurluşyk desgalaryny taslamakdan başlap, olaryň doly işe girizilýän döwrüne çenli işleriň doly toplumyny amala aşyrýar, munuň üçin zerur bolan gurluşyk binýady we maddy serişdeleriň ýörite görnüşleriniň önümçiligi bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, senagat toplumynyň pudaklarynyň ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly möçberli taslamalar amala aşyryldy. Türkmenistanyň gurluşyk materiallary senagatynda käbir önümçiligiň kuwwatlyklary diňe bir ýurdumyzyň içindäki islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümiň belli bir bölegini eksport etmeklige hem mümkinçilik döredýän derejelere ýetirildi. Ýurdumyzda iri sement zawodlary gurlup ulanmaga berildi, gazbeton önümçiligi, metallurgiýa ýaly täze senagat pudaklary döredi. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça işleriň depgini güýçlendirildi, magdan däl materiallaryň, gurnalýan demir-beton önümleriniň, keramzitiň we beýleki gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň möçberleri artdyryldy.

Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.