Sanly ykdysadyýet — ösüşlere badalga

14 Oktýabr 2021
1030

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň elektron ulgamda merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, şahsyýetsizleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi we toparyň düzümi, topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi.

Gunça MESSEWA,
Lebap welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.