Gaz geçirijiniň gurluşygynda

18 Oktýabr 2021
989

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymaty il-gün bähbitli giň möçberli işlerde özüniň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ilatly ýerlerde gaz, suw we elektrik geçirijilerini çekmek, öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek wajyp wezipe bolmagynda galýar. Şu işler bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna ýardam edýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň anyk we il-gün bähbitli işlerde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

“Türkmengaz” üpjünçilik birleşiginiň gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülüşiniň gazçylaram obalary gazlaşdyrmakda uly tagalla edýärler. Olar oba ýerlerinde dürli basyşly gaz geçirijilerini çekmek bilen öz öňlerinde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmäge çalyşýarlar. Meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin öndürijilikli zähmet çekýärler. Tebigy gazyň akymy bilen iş salşylanda işiň hili aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem gazçylar ýerine ýetirilýän gurluşyk-gurnama işleriniň hiliniň ýokary bolmagyna ýeterlik üns berýärler. Gürrüňi edilýän guramanyň zähmetsöýer adamlary Wekilbazar etrabynyň Narly geňeşliginiň ilatly ýerlerinde gaz geçiriji çekmekde uly işleri bitirdiler. Bu ýerde işleriň ýokary depginli we gowy hilli alnyp barylmagyna prorab Batyr Hudaýnaýew guramaçylykly ýolbaşçylyk etdi. Iş gowy guralanda bolsa, öndürijilik ýokary bolýar. Işleriň talaba laýyk ýerine ýetirilmeginde gurnaýjy ussalar Parahat Altyýewiň, Jumaguly Permanowyň, Sapa Begdurdyýewiň gazanýan üstünlikleri işleriň öňe gitmegine saldamly goşant bolýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny ýokary görkezijiler bilen dabaralandyrmagy maksat edinýän gazçylaryň yhlasy ýerine düşýär.