Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

18 Oktýabr 2021
817

Düýpli özgertmeleriň oňyn täsiri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz depginli ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli Liderimiziň alyp barýan oýlanyşykly maliýe-ykdysady syýasaty ýurdumyzyň ykdysady-maliýe taýdan durnukly ösüşine itergi berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, durmuşa geçirilýän ykdysady-maliýe özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň ösüş--özgerişli menzillerine kuwwatly itergi berýär. Milli Liderimiziň oýlanyşykly ykdysady-maliýe syýasaty Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarydyr ulgamlarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ösüşli ýolumyza badalga berýär.