Bank ulgamy kämilleşdirilýär

15 Oktýabr 2021
957

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, döwrebaplaşdyrylýar. Şol sanda bu ugurdaky giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Diýarymyzda ýetilýän belent sepgitleriň hatarynda ösüşlere beslenýän bank ulgamyny mysal görkezmek bolar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli Liderimiziň alyp barýan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, bank ulgamynyň milli we döwrebap görnüşi kemala getirildi. Olaryň hereket etmeginiň binýadynda goýlan düýpli ýörelgeler durmuş ugurlary nazarlaýan ykdysadyýetiň täze talaplaryna laýyk gelýär. Häzirki wagtda günsaýyn ösdürilýän bazar gatnaşyklarynyň banklaryň uzakmöhletleýin ösüşinde ygtybarlylygy we durnuklylygy üpjün etmekde «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ygtybarlylygynyň ep-esli ýokarlandyrylmagy-da şol maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir.

Aýgözel ATALYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.