Senagat işgärleri sarpalanyldy

18 Oktýabr 2021
934

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, pudakda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýan adamlaryň zähmetine mynasyp hormat goýulýar. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde Senagat işgärleriniň gününiň uly dabaralar bilen baýram edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda bolup geçen dabaraly maslahat hem şu senä bagyşlandy. Oňa welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şu ulgama degişli edara-kärhanalaryň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdylar.

Ýörite habarçylarymyz.