"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ykdysady kuwwatyň görkezijisi

Gymmatyň ölçeg serişdesi bolan pul uzak geçmişden bäri adamzada hyzmat edip gelýär. Pul ýüze çykmanka, dürli kesp-kärde zähmet çekýän adamlar bir-biri bilen öz öndüren harytlaryny alyş-çalyş etmek arkaly hasaplaşypdyrlar. Ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşmegi netijesinde ähli harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyp bolýan serişde zerur bolupdyr. Şeýle serişdäniň hyzmatyny dürli döwürlerde ownujak daşlardan başlap gymmat bahaly metallara, kagyz pullara we sanly walýutalara çenli uzak ýoly geçen pul ýerine ýetirip gelýär. Puluň kämilleşmegi jemgyýetiň we döwlet gurluşynyň ösüşi bilen bagly bolupdyr. Çünki pul onuň esasynda durýan döwletiň kepilligi bilen güýç gazanýar. Şol bir wagtyň özünde-de pul birligi islendik ýurduň ykdysady kuwwatynyň esasy görkezijisidir. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Garaşsyz Türkmenistanyň pul birligi — milli manadymyz ulanyşa girizildi. Eýýäm 28 ýyldan bäri milli manadymyz ýurdumyzyň çäginde hereket edýän hasaplaşyk we töleg serişdesi hökmünde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, şol sanda döwlete dahylsyz bölegine we halkymyza hyzmat edip gelýär. Ata Watanymyzyň milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmegi bilen döwletiň pul-karz we maliýe syýasatynda toplumlaýyn özgertmeleriň geçirilmegine, bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine giň ýol açyldy. Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi:

Eksport kuwwaty artýar

Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi netijesinde içerki bazara hödürlenilýän, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolýan önümleriň sanawy giňelýär, üstesine, eksport edilýän önümler birsyhly köpelýär. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylyp ösdürilmegi Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň toýuny toýlan döwletimiziň ösüşleriniň durnukly bolmagyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, özara bagly bolan üç sany ugur boýunça ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga başlangyç berildi. Olaryň birinjisinde, pudaklaryň we önümleriň görnüşleriniň özgerdilmegi nazarda tutuldy. Meselem, himiýa we nebit-gaz himiýasy, gurluşyk materiallary senagatlary, obasenagat toplum pudaklary şoňa degişlidir. Ikinjisi, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny dürli ugurlara gönükdirmek wezipe edinildi. Üçünjisi, ýurdumyzyň tebigy gazyny dünýä bazaryna köp ugurlar boýunça çykarmaga girişildi.

Ösüşleriň netijeli guraly

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Garaşsyz ýurdumyzyň çäginde pul birligimiz hökmünde milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Her ýylyň şu gününde döwletimizde milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni bellenilip geçilýär. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen işlenilip taýýarlanylan we üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalarymyzyň ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmeginde milli manadymyzyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Döwlet Maksatnamalarynda kesgitlenilen pul dolanyşygynyň durnuklylygyny üpjün etmek we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin amatly makroykdysady şertleri döretmek, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmek, bank ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we ony halkara maliýe bazarlaryna utgaşdyrmak ýaly wezipeler döwletimiziň pul-karz syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanýan ösüşlerimiz milli manadymyzyň maliýe-pul syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly orna eýe bolandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, manat ýurtda ykdysady ösüşi we halkyň eşretli, bolelin durmuşyny üpjün etmegiň zerur guralydyr. Şonuň üçin milli manadymyzyň dolanyşykdaky hereketiniň netijeliligi we hümmeti bilen bagly meseleler elmydama üns merkezinde ýerleşýär.

Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk

27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň känlerinde nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň meseleleri, şeýle hem «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy ugur edinýän bilelikdäki taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Milli Liderimiz maslahatda dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hatarynda durýan ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde nebitgaz pudagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda nebit çykarýan pudagyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi. «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlan döwrüne hem-de onuň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlara ünsi çekdi.

Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi. Jenap Husraw Noziri Aşgabatda ilkinji gezek bolýandygyny aýdyp we şäheriň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelliginiň hem-de binagärliginiň ýokary baha mynasypdygyny aýratyn belledi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we bu şanly senäniň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň XV sammiti bilen gabat gelendigini nygtady.

Kuwwatly ykdysadyýetiň daýanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär. Milli manat Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesidir. Ýurdumyzda beýleki döwletleriň pullaryny peýdalanmak Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaýyn namalary bilen düzgünleşdirilýär. Türkmen manady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez nyşanyna öwrüldi. Milli manadyň durnuklylygy we onuň goraglylygy halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň möhüm serişdesidir.

Ösüşleriň özeni

Ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan toplumlaýyn geçirilýän çäreleriň netijesinde türkmen manadynyň orny we ähmiýeti has hem ýokarlanýar, milli pulumyz ykdysadyýeti ösdürmekligiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaklygyň ygtybarly guralyna öwrülýär. Ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi öz gezeginde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda we kärhanalarynda töleg-hasaplaşyk düzgüniniň doly derejede berjaý edilmegine mümkinçilik döretdi.

1-nji noýabr — Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilen güni

ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ KEPILI Milli ykdysadyýetimiziň berkararlygyny we mizemez kuwwatyny alamatlandyrýan türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamynda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda pul dolanyşygy kämilleşdirildi, milli pul birliginiň hümmeti ýokarlandyryldy.

Bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly ösüşler gazanylýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda giň möçberli ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Elbetde, durmuşa geçirilýän bu özgertmeler ýurdumyzyň ýagty geljeginiň kepili bolup durýar. Häzirki wagtda islendik döwletiň geljegi şol ýurduň ylym-bilim, tehnologiýa babatdaky ösüşine, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ykdysadyýete ornaşdyrylyşyna hem baglydyr. Biz häzir täze tehnologiýalaryň has çalt ösýän döwründe ýaşaýarys. Bu ösüşler biziň gündelik durmuşymyza gönüden-göni öz täsirini ýetirip, täze, döwrebap hyzmatlaryň we mümkinçilikleriň döremegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda sanly tehnologiýalaryň häzirki zaman gazananlaryny ykdysadyýetimize ornaşdyrmak, çalt depginli ösýän sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen, internet söwda, onlaýn hyzmatlary, elektron resminamalaryň dolanyşygy we nagt däl hasaplaşyklar ýaly täze hyzmatlaryň peýda bolmagy döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýär hem-de ilatymyzyň gündelik durmuşyny  ýeňilleşdirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

28.10.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi. Dünýä derejesinde ýurdumyza belent abraý getiren milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatyny Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly goldaýandygy nygtaldy.

Kämil bank hyzmatlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde, pul-karz syýasatynyň kämilleşdirilmeginde, milli puluň hümmetiniň has-da artdyrylmagynda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen maliýe özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň karz edaralary möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklary ornaşdyrmakda uly mümkinçilikler döredilip, hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, ony halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak maksat edinilýär. Häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryny her ädimde görmek bolýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň amala aşyrylmagy üçin ornaşdyrylan töleg terminallaryny diňe bir iri söwda merkezlerinde ýa-da döwlete degişli edara-kärhanalarda däl-de, eýsem eýeçiligiň görnüşine garamazdan, söwda ýa-da hyzmatlary amala aşyrýan ähli edara görnüşli taraplarda, olaryň şahamçalarynda we wekilliklerinde, hususy telekeçileriň söwda ýa-da hyzmat ediş nokatlarynda, dükanlarynda, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmatlaryny edýän nokatlarynda hem görmek bolýar. Töleg terminallaryny ornaşdyrmak üçin söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň eýeleri karz edaralaryna ýüz tutup, bellenilen tertipde has

Milli maýa goýum syýasaty

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amal edilmegi netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzda importyň ornuny tutýan önümleriň we hyzmatlaryň sanawy barha artýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli hem-de halkara ähmiýetli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Şeýle diýildigi, ozaly bilen, dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalary we iri kompaniýalary Garaşsyz Türkmenistan döwletimizi özleri üçin ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanaýarlar diýildigidir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda höküm sürýän asudalygyň, abadanlygyň uly ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň maýa goýum syýasaty ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ösüşiň durmuş-innowasion ýoluna tapgyrlaýyn geçmek ýaly maksatlary özünde jemleýär. Şunda ykdysadyýetiň durnukly we deňeçer ösüşini üpjün etmek aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Milli maýa goýum syýasatyny amala aşyrmakda ýurdumyzyň banklary hem möhüm orun eýeleýär. Olar tassyklanylan maýa goýum Maksatnamalaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny: ýangyç-energetika, senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, saglygy goraýyş toplumlaryny we beýl

Halk bähbitli işler rowaçlanýar

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz durnukly ösüşi nazarlap, bedew bady bilen öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda halk bähbitli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda iň döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň ylmy-tehniki binýadyny has-da berkitmek, innowasiýalary durmuşa ornaşdyrmak, bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamak, esasy ugur hökmünde nazara alynýar. Bilşimiz ýaly, ylmyň iň täze gazananlary beýik ösüşlere barýan ýollary salgy berýär. Gahryman Arkadagymyz eşretli zamanamyzda göz öňünde tutulan maksatnamalary we meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň görnüşlerini, usullaryny we serişdelerini paýhaslylyk bilen anyk kesgitleýär hem-de olary ýerine ýetirmegiň ygtybarly ýollaryny salgy berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Esasan hem milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmakda kabul edilýän maksatnamalaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şonuň esasynda hem ösüşiň iň ygtybarly ýoly, döwrebap ýörelgeleri işlenip taýýarlanýar. Häzirki ylmyň ösýän döwründe ösüşiň iň tiz görnüşi sanly ulgam hasaplanýar. Sanly ulgam tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjesini özünde jemleýär. Şonuň üçin hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak döwrebaplyk we uly ösüşdir.

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» atly ХХVI halkara maslahaty öz işine başlady

27-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid görnüşde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» (OGT 2021) atly ХХVI halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen nebitgaz ulgamyndaky gatnaşyklaryny berkitmeklige we ösdürmeklige ýardam berýän her ýyl geçirilýän bu abraýly işewürlik forumynyň maksady – geljekde energetika ulgamyny durnukly ösdürmek boýunça gatnaşyklary berkitmek, ählumumy energiýa ulgamyndaky soňky ösüş dessurlaryna syn bermek, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiliklerini giňeltmek.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Eksporty giňeltmek ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň baş ugrudyr

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat Aşgabat, 27-nji oktýabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat öz işine başlady. Maslahat “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” korporasiýasy tarapyndan hem-de “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Röwşen geljege tarap ynamly gadamlar

Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalanmagy ugrunda amala aşyrylýan, şeýle-de senagat boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynda energetika senagatyna möhüm orun berilýär. Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady hojalygyna barha işjeň goşulyşmagy, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy, öýde we senagatda elektrik energiýasyny sarp edýän döwrebap hojalyk we senagat enjamlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, täze önümçilikleriň, obalaryň döredilmegi, telekeçilige giň ýol açylmagy, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň sarp edijilerine elýeterli etmek boýunça alnyp barylýan işler, elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, täze energetika kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, ulgamy halkalaýyn birleşdirmek arkaly sebitleriň energiýa ulgamyny özara ätiýaçlandyrmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Sarp edijilerimizi elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, onuň artykmaç bölegini daşary ýurtlara ibermek energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu iş, ilkinji nobatda, täze elektrik beketleriniň geçirijilerini, häzirki zaman transformator kiçi beketlerini we paýlaýyş ulgamlaryny gurmagyň hasabyna amala aşyrylýar.

Milli manat — ygtybarly binýadymyz

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyza 30 ýyl doldy. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, maliýe-bank, medeni-ynsanperwer ugurlarda, senagatda, umuman, jemgyýetiň ähli ulgamlarynda uly öňegidişlikleri gazandy. Garaşsyzlygyň ykdysady esaslary pugtalandyrylyp, milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan seneleriň biri hem 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrydyr, çünki bu sene türkmeniň buýsanjy we guwanjy bolan milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilen günüdir. Şol wagtdan başlap, ýurdumyzda özbaşdak ykdysady syýasat we onuň düzüm bölegi bolan pul-karz, býujet-salgyt, maliýe, nyrh syýasatyny işläp düzmäge we üstünlikli durmuşa geçirmäge hukuk gazanyldy. Şeýlelikde, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi netijesinde, bazar ykdysadyýetine geçmekligiň milli nusgasy işlenilip düzüldi. Ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde pula aýratyn orun degişlidir. Ýurtda hereket edýän puluň durnukly, hümmetli, satyn alyjylyk ukybynyň ýokary bolmagy bazar ykdysadyýetine üstünlikli geçmäge ähli zerur bolan amatly şertleri döredýär we ýurdumyzda kabul edilýän ähli maksatnamalary amal etmäge mümkinçilikleri artdyrýar.

Energetika ulgamynyň batly gadamlary

Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz Türkmenistan bu gün ýagty geljeginiň binýadyny berkden tutup, bedew bady bilen beýik ösüşlere eýe bolýar. Dünýä ýagtylyk nuruny saçýan eziz Watanymyzda energetika ulgamynyň ösdürilmegi üçin birnäçe iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde, Türkmenistan bu gün elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermäge uly mümkinçilikleri bolan döwlete öwrülýär. Ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde birnäçe elektrik stansiýalary gurlup ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda halkalaýyn energetika ulgamy döredilýär. Mary welaýatynda Merkezi Aziýada iň uly, ýokary tehnologiýaly elektrik stansiýasy guruldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy ulanylmaga berildi. Ýylyň başynda bolsa Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisi işe girizildi. Bularyň ählisi ýurdumyzda energetika senagatyny ösdürmäge uly üns berilýändigini görkezýär. Şanly ösüşlere beslenýän ýylymyzda energetika pudagynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşjak ajaýyp iri taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiziň ulgamyň işine berýän hemaýat-goldawlarynyň aýdyň netijesi bolup durýar. 23-nji oktýabrda Türkmenistanda halkalaýy

Durnuklaşdyryş gaznasy we ykdysady ösüş

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda maliýe-bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigini Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň mysalynda hem görmek bolýar. Onda Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi netijesinde Durnuklaşdyryş gaznasynyň maýa goýum işjeňligindäki, banklaryň karz binýadyny berkitmekdäki orny we ähmiýeti ýokarlanar. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda kabul edilýän ähli derejedäki maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmäge amatlyklar dörär. 2008-nji ýylda döredilen bu gaznanyň esasy çeşmesi bolup Türkmenistanyň merkezleşdirilen býujetiniň girdejisiniň çykdajylardan artykmaç gelýän bölegi çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen bu gaznanyň esasy maksady ýurdumyzda ileri tutulýan pudaklary goldamakdan, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Durnuklaşdyryş gaznasynyň işine täzeçe, döwrebap çemeleşmek, onuň maksadalaýyk ulanylyşyny üpjün etmek — munuň özi ýokary netijeli karz-pul syýasatyny alyp barmaga, edara-kärhanalaryň we ilatyň karz serişdelerine bolan ösen islegler

Eksport ugurly önümler

Milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşinde ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Bäherden ýüplük fabrigi mynasyp orun eýeleýär. Dokma senagaty ministrliginiň bu kärhanasynda şanly ýylyň geçen dokuz aýynda gazanylan iş görkezijiler has-da guwandyryjy boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň önümleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, içerki bazarlarymyzy degişli harytlar bilen üpjün etmek, bar bolan çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegiň hasabyna pudagyň girdejilerini artdyrmak babatdaky tagallalaryna mynasyp goşant goşýan bu fabrikde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar — sentýabr aýlarynda 69 million 171 müň 664 manatlyk önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 136,9 göterime barabar boldy. Öňdebaryjy kärhanada degişli döwürde, esasan-da, 27/1, 34/1, 51/1 belgili ýüplükler öndürildi. Bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa ýüplükleriň agramly bölegi daşary döwletlere eksport edildi.