Ösüşleriň özeni

29 Oktýabr 2021
913

Ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan toplumlaýyn geçirilýän çäreleriň netijesinde türkmen manadynyň orny we ähmiýeti has hem ýokarlanýar, milli pulumyz ykdysadyýeti ösdürmekligiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaklygyň ygtybarly guralyna öwrülýär.

Ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi öz gezeginde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda we kärhanalarynda töleg-hasaplaşyk düzgüniniň doly derejede berjaý edilmegine mümkinçilik döretdi.

Oguljahan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.