Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

29 Oktýabr 2021
1222

28.10.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi. Dünýä derejesinde ýurdumyza belent abraý getiren milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatyny Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly goldaýandygy nygtaldy.

www.tdh.gov.tm