Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

29 Oktýabr 2021
930

28-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi. Jenap Husraw Noziri Aşgabatda ilkinji gezek bolýandygyny aýdyp we şäheriň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelliginiň hem-de binagärliginiň ýokary baha mynasypdygyny aýratyn belledi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we bu şanly senäniň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň XV sammiti bilen gabat gelendigini nygtady.