Eksport kuwwaty artýar

29 Oktýabr 2021
936

Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi netijesinde içerki bazara hödürlenilýän, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolýan önümleriň sanawy giňelýär, üstesine, eksport edilýän önümler birsyhly köpelýär.

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylyp ösdürilmegi Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň toýuny toýlan döwletimiziň ösüşleriniň durnukly bolmagyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, özara bagly bolan üç sany ugur boýunça ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga başlangyç berildi. Olaryň birinjisinde, pudaklaryň we önümleriň görnüşleriniň özgerdilmegi nazarda tutuldy. Meselem, himiýa we nebit-gaz himiýasy, gurluşyk materiallary senagatlary, obasenagat toplum pudaklary şoňa degişlidir. Ikinjisi, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny dürli ugurlara gönükdirmek wezipe edinildi. Üçünjisi, ýurdumyzyň tebigy gazyny dünýä bazaryna köp ugurlar boýunça çykarmaga girişildi.

Agadurdy HEMRAÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.