Ösüşleriň netijeli guraly

29 Oktýabr 2021
950

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Garaşsyz ýurdumyzyň çäginde pul birligimiz hökmünde milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Her ýylyň şu gününde döwletimizde milli manadymyzyň dolanyşyga girizilen güni bellenilip geçilýär.

Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen işlenilip taýýarlanylan we üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalarymyzyň ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmeginde milli manadymyzyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Döwlet Maksatnamalarynda kesgitlenilen pul dolanyşygynyň durnuklylygyny üpjün etmek we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin amatly makroykdysady şertleri döretmek, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmek, bank ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek we ony halkara maliýe bazarlaryna utgaşdyrmak ýaly wezipeler döwletimiziň pul-karz syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanýan ösüşlerimiz milli manadymyzyň maliýe-pul syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly orna eýe bolandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, manat ýurtda ykdysady ösüşi we halkyň eşretli, bolelin durmuşyny üpjün etmegiň zerur guralydyr. Şonuň üçin milli manadymyzyň dolanyşykdaky hereketiniň netijeliligi we hümmeti bilen bagly meseleler elmydama üns merkezinde ýerleşýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.