Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk

29 Oktýabr 2021
1088

27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzyň känlerinde nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň meseleleri, şeýle hem «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy ugur edinýän bilelikdäki taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Milli Liderimiz maslahatda dünýäniň öňdebaryjy energetika döwletleriniň hatarynda durýan ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde nebitgaz pudagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda nebit çykarýan pudagyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçdi. «Tatneft» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýlan döwrüne hem-de onuň ýerine ýetirilişi baradaky maglumatlara ünsi çekdi.

«Aşgabat».