Kämil bank hyzmatlary

28 Oktýabr 2021
1031

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde, pul-karz syýasatynyň kämilleşdirilmeginde, milli puluň hümmetiniň has-da artdyrylmagynda, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen maliýe özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň karz edaralary möhüm orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklary ornaşdyrmakda uly mümkinçilikler döredilip, hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, ony halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak maksat edinilýär. Häzirki döwürde nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryny her ädimde görmek bolýar. Nagt däl hasaplaşyklaryň amala aşyrylmagy üçin ornaşdyrylan töleg terminallaryny diňe bir iri söwda merkezlerinde ýa-da döwlete degişli edara-kärhanalarda däl-de, eýsem eýeçiligiň görnüşine garamazdan, söwda ýa-da hyzmatlary amala aşyrýan ähli edara görnüşli taraplarda, olaryň şahamçalarynda we wekilliklerinde, hususy telekeçileriň söwda ýa-da hyzmat ediş nokatlarynda, dükanlarynda, jemgyýetçilik iýmiti we durmuş hyzmatlaryny edýän nokatlarynda hem görmek bolýar. Töleg terminallaryny ornaşdyrmak üçin söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň eýeleri karz edaralaryna ýüz tutup, bellenilen tertipde hasaplaşyk hasabyny açandan soň, karz edarasy we töleg terminalyny ulanyjy arasyndaky hukuklary we borçlary kesgitlemek bilen, degişli şertnama baglaşylýar. Karz edaralary söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny ornaşdyrmak, ulanmak we olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek bilen bagly ýüze çykýan sowallar boýunça öz müşderileri bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar.

Aýjahan MYRATDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Tejen» şahamçasynyň Sanly bank tehnologiýalary we awtomatizasiýa bölüminiň hünärmeni.