Bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

29 Oktýabr 2021
1027

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly ösüşler gazanylýar. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda giň möçberli ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Elbetde, durmuşa geçirilýän bu özgertmeler ýurdumyzyň ýagty geljeginiň kepili bolup durýar. Häzirki wagtda islendik döwletiň geljegi şol ýurduň ylym-bilim, tehnologiýa babatdaky ösüşine, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ykdysadyýete ornaşdyrylyşyna hem baglydyr. Biz häzir täze tehnologiýalaryň has çalt ösýän döwründe ýaşaýarys. Bu ösüşler biziň gündelik durmuşymyza gönüden-göni öz täsirini ýetirip, täze, döwrebap hyzmatlaryň we mümkinçilikleriň döremegine itergi berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda sanly tehnologiýalaryň häzirki zaman gazananlaryny ykdysadyýetimize ornaşdyrmak, çalt depginli ösýän sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça ençeme işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen, internet söwda, onlaýn hyzmatlary, elektron resminamalaryň dolanyşygy we nagt däl hasaplaşyklar ýaly täze hyzmatlaryň peýda bolmagy döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýär hem-de ilatymyzyň gündelik durmuşyny  ýeňilleşdirýär.

Maral MAGTYMGULYÝEWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň işgärler bölüminiň esasy hünärmeni.