Kuwwatly ykdysadyýetiň daýanjy

29 Oktýabr 2021
875

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär. Milli manat Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesidir.

Ýurdumyzda beýleki döwletleriň pullaryny peýdalanmak Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaýyn namalary bilen düzgünleşdirilýär. Türkmen manady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez nyşanyna öwrüldi. Milli manadyň durnuklylygy we onuň goraglylygy halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň möhüm serişdesidir.

Bagtyýar GURBANSÄHEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň aspiranty.