"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Hemişelik Bitaraplyk we hoşniýetli gatnaşyklar

Dünýä jemgyýetçiligi Garaşsyz Türkmenistanyň eýe bolan baky Bitaraplygyna örän ýokary baha berýär. Ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna sebitde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň, halkara derejesinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň, olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary uly goldaw tapýar. Olary durmuşa geçirmekde netijeli işler amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň wajyp düzüm edaralarynyň hataryna saýlanylýar. Bular bolsa aýratyn guwandyryjy ýagdaý bolup, watançylyk duýgularymyzy has-da ösdürýär.

Hemişelik Bitaraplyk — baky berkararlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleri netijesinde barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna işjeň taýýarlyk görülýän günlerde bu barada söhbet etmek has ýakymly. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty sebitleýin howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek ýaly halkara bileleşigi tarapyndan ileri tutulýan meselede öz netijeli ornuny görkezýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ähli döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ýola goýmak, söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy amala aşyrmak babatda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyz sebitleýin we ählumumy geosyýasy ýagdaýlaryň täze ugurlaryna we oňyn ösüşlerine eýe bolýar. Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda diplomatik aragatnaşyklary berkitmek bilen, halkara hem-de döwletara derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň, gepleşikleriň, forumlaryň, maslahatlaryň we beýleki dabaraly çäreleriň geçirilýän dostlukly merkezine öwrüldi. Döwletimizde halkymyzyň pähim-paýhasyndan, köpasyrlyk däp-dessurlaryndan gözbaş alýan milli tejribäniň esasynda hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasaty saýlanyp alyndy, şol syýasatyň parahatçylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamak, halkara harby guramalara, şertnamalara gatnaş

Äleme ýaň salan waka

Şan-şöhratly Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara, buýsançly senelere, toý-dabaralara beslenip gelýär. Baýramlaryň seresi, bagtymyzyň çyragy, göwnümiziň küýsegi Halkara Bitaraplyk gününiň baýramy hem dünýä ýaýylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň binasynyň öňünde baýdaklar içinde saýlanyp, pasyrdap duran ýaşyl Baýdagymyz bagtymyzyň buşlukçysydyr, parahatçylygyň, Bitaraplygyň güwäsidir. Garaşsyz Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine sary alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň saýasynda medeniýet ulgamynda-da uly işler alnyp barylýar. Halkara derejesinde geçirilýän forumlaryna, aýdym-saz, teatr festiwallaryna, sergilere, dünýäniň çar künjeginde guralýan medeni saparlara medeniýet işgärleriniň gatnaşmagy olaryň döredijiliginiň has-da kämilleşmegine getirýär. Döwletli Diýarymyzda tutulýan toý-dabaralarda bolup, halkymyzyň nurana ýüzlerindäki mähir-muhabbeti, gözlerindäki şatlyk uçgunlaryny görmek biz — medeniýet işgärleri üçin uly bagt.

Asyrlara barabar işler

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň bütin¬dünýäde ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk¬söýüjilikli ýörelgelere esaslanan¬daşary syýasat ugrunyň uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň BMG-niň baş münberinden hem-de beýleki halkara guramalarynyň dünýä derejesindäki halkara maslahatlarydyr forumlarynda öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýerleşdirmek üçin Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagy ählumumy parahatçylygy goldamakda dünýä bileleşiginiň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistan döwletimiziň abraýyny has-da artdyrdy. Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi, energetika, ekologiýa, suw, ulag ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkarar bolmagy, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlar dünýäde parahatçylygyň, ykdysady hem-de durnukly ösüşiň abadanlygyna gönükdirilendir.

Bitaraplyk — abadançylygyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ylalaşdyryjy, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkidiji, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürýän merkeze we halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ak mermerli paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hormatly Prezidentimiziň abadançylygyň we durnukly ösüşiň esasy bolan ynsanperwerlikli syýasatynyň dabaralanmasydyr. Türkmenistan dünýäde döreýän ähli meseleleri parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmek ugrunda çykyş edýär. Milli Liderimiz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär».

Parahatçylygyň şuglasy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şan-şöhraty, ata-baba ýörelgelerimizden gözbaş alýan hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklarymyz, syýasy, ykdysady ösüşlerimiz barada söhbet açýan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitaby halkymyzyň röwşen geljegine bolan ynamynyň ykrarnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz parahatçylygyň ýurdudyr. Türkmen halkynyň kalbynda parahatçylyk owazy bar» diýmek bilen, döwletimiziň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgesiniň esasy maksadynyň parahatçylykdygyny nygtaýar. Konstitusion gurluşy boýunça Türkmenistan dünýäde hiç bir harby bileleşiklere, şeýle-de hiç bir ýurduň içerki meselelerine goşulmaýar. Özüniň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn häsiýetinden gelip çykýan tertipde döwletimiz sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasynda diňe parahatçylykly, dost-doganlykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär. Ýüze çykýan islendik bir meseläniň gepleşikleri geçirmek arkaly parahatçylykly çözülmeginiň tarapdary bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz halkymyzda ata-baba ýol-ýörelge bolup gelýän töwellaçylyk däbini ýatlap: «Halkymyzyň töwellaçylyk däbiniň hem ýiti pähimlilige esaslanýandygynyň asylky manysy söze bolan garaýyş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýip belleýär.

Goşa ganatymyz

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu döwletli ýörelge ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda kabul eden Kararnamalary bilen, bu gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda resmi taýdan ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitabynda Bitaraplyk ýörelgämiziň oňynlyk häsiýeti barada gürrüň açyp: «Biz bu ugry, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden, şunuň bilen bilelikde, biz bu ugry mähriban dost-doganlarymyzyň — dünýäniň halklarynyň bähbitlerinden, halklar arasynda päk ýürekli gatnaşyklary ösdürmäge hem berkitmäge, adamzada diňe ýagşylyk eçilmäge bolan isleglerimizden ugur alyp saýladyk» diýip belleýär.

Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy has-da ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalary, dünýä ähmiýetli başlangyçlary ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzyň dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan ýurtlaryň birine öwrülmegi üçin beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bütin ynsanyýetiň rowaç ýaşaýşyny üpjün etmegiň hatyrasyna işläp düzen hem-de müňýyllygyň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumadamzat bähbitli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge goşýan saldamly goşantlary çuňňur many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan syýasat Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebitleýin we ählumumy ähmiýetli energetika, ulag ulgamlaryndaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýle buýsandyryjy wakalardan görnüşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär. Milli Liderimiziň alyp barýan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk we açyklyk ýörelgelerine es

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

ASYRYŇ ÝAŇY 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan ýaş türkmen döwletiniň ykbalynda täze taryhy sahypany açdy. Hemişelik Bitaraplyk parahatçylyga, agzybirlige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň üsti bilen halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine uly itergi berdi. Türkmeniň Bitaraplyk taglymatynyň esasynda amala aşyrylýan şeýle tutumlar dünýäniň ünsüni çekdi. Şoňa laýyklykda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda adybir Rezolýusiýa gaýtadan kabul edildi.

Bitaraplyk — parahatçylyk we hoşniýetlilik

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda uly ösüşler, belent üstünlikler gazanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda ýurdumyzyň gadymy taryhyndan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri döwrebap ösdürilýär we dünýä ýaýylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylyk söýüjilik ýörelgämizi dünýä ýaýmakda esasy guraldyr. Gahryman Arkadagymyz: «Bitaraplyk — bu biziň dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga oňyn täsir edýär» diýip belleýär.

Giň goldaw tapýan başlangyçlar

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata Watanymyz üçin baky bagtyň buşlukçysy boldy. Özi hem belli bir wagt bilen çäklendirilmedik, hemişelik bagt. Tutuş dünýäde parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek, gorap saklamak, has-da pugtalandyrmak ýaly belent maksatlar bilen döredilen, BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berlen ilkinji we ýeke-täk döwlet bolan Türkmenistanyň iki gezek ykrar edilen bu halkara üstünligi dünýä taryhynda möhüm ähmiýetli syýasy waka boldy. Baky Bitaraplyk halkymyzyň milli ýörelgelerinde bar bolan parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik häsiýetleriniň esasynda dörän gudratdyr, keramatdyr.

Parahatçylygymyzyň şuglasy

Gahryman Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylymyzyň buýsançly senesi golaý gelýär. Şu sene golaý geldigiçe-de dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletiň biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistanymyzdygy baradaky jümle aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda toýlanylýandygy bu senäniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Sebäbi ýurt Baştutanymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilikligiň we ynanyşmagyň ýörelgelerine eýerýär. Bu parasatly syýasatyň baş maksady dünýäde parahatçylygy pugtalandyryp, özara bähbitli we deňhukukly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmek bolup durýar. Milli Liderimiziň türkmen halkynyň parahat, abadan durmuşyna şuglasyny saçýan bu syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we uly goldawa eýe bolýar. .

Ösüşiň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady

Ata Watanymyz Türkmenistanyň daşary syýasaty oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar. Bitarap döwletimiz daşary syýasatda sebitara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Diýarymyz halkara giňişliginde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrýar. Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimiz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň barha artmagy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetli çäreleriň ählisinde öz aýdyň beýanyny tapýandygyna güwä geçýär. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangy

Parahatçylyk — umumadamzadyň baýlygy

Parahatçylyk, ynanyşmak düşünjeleri bütin adamzadyň gymmatly baýlygy bolup, olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň esasynda hem şeýle asylly ýörelgeler bardyr. Baky Bitaraplygyň we parahatçylygyň asylly ýörelgeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň dürli ugurlarynda aýdyň görünýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde umumadamzat bähbitli başlangyçlar öňe sürülýär, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri dünýä ýaýylýar. Şeýlelikde, Türkmenistan netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär we umumadamzat bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygy, asudalygy üpjün etmekde alyp barýan beýik işleriniň häzirki döwrüň ählumumy ösüşini üpjün etmekde has-da ähmiýetlidigini bellemek buýsandyryjydyr.

Parahatçylyk – bagtyýar durmuşyň kepili

Baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän il-ýurt, umumadamzat bähbitli işler parahatçylyga, ynanyşmaga we deňhukukly gatnaşyklara daýanýar. Amala aşyrylýan islendik işiň gözbaşynda parahatçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik bar. Halkymyzyň agzybirligine, jemgyýetiň parahatçylygyna we ylalaşyga, ynanyşmaga binýat bolýan başlangyçlar biziň her birimizi yhlasly, päk ýürek bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Munuň özi halkymyza geljege ynamly garamaga, demokratik özgertmeleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge, halkara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Milli Liderimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň, geçirýän her bir maslahatlarynyň ozaly bilen halkymyzyň jebisligini berkitmek, il abadanlygy, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyna, umumadamzat ähmiýetli asylly başlangyçlaryň gözbaşynda durandygyna biz her ädimde şaýat bolýarys. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň islendik hoşniýetli döwlet we onuň halky bilen mähirli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de ösdürmegi hemişe ileri tutýandygyny ýygy-ýygydan belleýär.

Baky Bitaraplyk — buýsanjymyz

Bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak döwletimiziň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyz soňky ýyllarda halkara giňişlikde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Gahryman Arkadagymyz: «Biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar» diýip belleýär.

Täze ösüşleriň ýyly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Bu gatnaşyklar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýramynyň giňden toýlanylan ýylynda hem täze ösüşlere eýe bolýar. Milli Liderimiziň «Açyk gapylar» we hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäde giň goldawa eýe bolup, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde çuňňur oýlanyşykly alnyp barylýan içeri we daşary syýasat diňe bir türkmen halkynyň ykbalyny bagtyýarlyga atarmak bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat gatnaşyklarynyň bähbidini goldaýar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda biziň ýurdumyzyň ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda giň möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirip, uly tejribäni we döredijilikli kuwwaty umumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şu günler halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Halkara Bitaraplyk gününi giňden bellemäge taýýarlyk görýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň şanyna tutulýan uly toý bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny barha arşa göterýär.

He­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk – pa­ra­hat­çy­ly­gyň binýady

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan sebi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy we hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry he­mi­şe ile­ri tut­ýar. Bu ýur­dumy­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk we hoş­ni­ýet­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­relge­le­ri­ne esas­lan­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk her bir türk­menis­tan­ly üçin örän mu­kad­des dü­şün­je­dir. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýag­da­ýy ýur­du­my­zyň köp­ta­rap­ly kuwwa­ty­ny art­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Şeý­le müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­megi ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­ny dün­ýä ýaý­ma­gy­nyň, hal­ky­myzyň ru­hy taý­dan gal­kyn­ma­gy­nyň, äh­lu­mumybäh­bit­lerug­run­dagiňhal­ka­rahyz­matdaş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň yg­ty­bar­lybin­ýa­dy bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­rama­sy ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­magy dün­ýä de­re­je­sin­de be­lent ab­raý­dyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, iri halkara guramalary, daşary ýurtlar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk köprülerini ýola goýan ýurdumyz daşary syýasy strategiýasyny ynanyşmagyň hem-de özara hormat goýmagyň mizemez ýörelgeleri bilen baglanyşdyrýar. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylygyň, birekbiregi hormatlamagyň, doganlygyň asylly ýörelgelerine daýanylýa

Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek

Döwlet Baştutanymyzyň badalga berýän giň möçberli maksatnamalary ýurdumyzyň asudalygynyň berkidilmegine, dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga berýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýöredilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri, iri halkara guramalary bilen köpugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi diýseň uly mana eýe boldy. Çünki baky Bitaraplyk we parahatçylyk biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ynanyşmak bolsa onuň gözbaşydyr. Ynanyşmak bar ýerinde parahatçylyk rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň esasynda baky Bitaraplygyň we parahatçylygyň oňyn netijeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň dürli ugurlarynda aýdyň görünýär. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada şeýle bellenilip geçilýär: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň oýlanyşykly we syýasy taýdan adalatly daşary ykdysady strategiýasyny ýöretmegiň, onuň deňhukuklylyga, özara bähbide we Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň bähbitlerini hasaba almaga esaslanan «Açyk gap

Bitaraplyk —waspyň dillerde dessan

BITARAPLYK NAGMALARY Bu mesgeniň her gadamy nurana,Bu mesgeniň her adamy nurana.