Bitaraplyk — parahatçylyk we hoşniýetlilik

22 Noýabr 2021
1086

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda uly ösüşler, belent üstünlikler gazanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda ýurdumyzyň gadymy taryhyndan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri döwrebap ösdürilýär we dünýä ýaýylýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylyk söýüjilik ýörelgämizi dünýä ýaýmakda esasy guraldyr. Gahryman Arkadagymyz: «Bitaraplyk — bu biziň dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga oňyn täsir edýär» diýip belleýär.

Mekan GAÝYPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.