Goşa ganatymyz

23 Noýabr 2021
1215

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu döwletli ýörelge ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda kabul eden Kararnamalary bilen, bu gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda resmi taýdan ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitabynda Bitaraplyk ýörelgämiziň oňynlyk häsiýeti barada gürrüň açyp: «Biz bu ugry, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden, şunuň bilen bilelikde, biz bu ugry mähriban dost-doganlarymyzyň — dünýäniň halklarynyň bähbitlerinden, halklar arasynda päk ýürekli gatnaşyklary ösdürmäge hem berkitmäge, adamzada diňe ýagşylyk eçilmäge bolan isleglerimizden ugur alyp saýladyk» diýip belleýär.

Sylapberdi EÝEBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.