Parahatçylygyň şuglasy

23 Noýabr 2021
1097

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şan-şöhraty, ata-baba ýörelgelerimizden gözbaş alýan hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklarymyz, syýasy, ykdysady ösüşlerimiz barada söhbet açýan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitaby halkymyzyň röwşen geljegine bolan ynamynyň ykrarnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz parahatçylygyň ýurdudyr. Türkmen halkynyň kalbynda parahatçylyk owazy bar» diýmek bilen, döwletimiziň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgesiniň esasy maksadynyň parahatçylykdygyny nygtaýar. Konstitusion gurluşy boýunça Türkmenistan dünýäde hiç bir harby bileleşiklere, şeýle-de hiç bir ýurduň içerki meselelerine goşulmaýar. Özüniň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn häsiýetinden gelip çykýan tertipde döwletimiz sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasynda diňe parahatçylykly, dost-doganlykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär. Ýüze çykýan islendik bir meseläniň gepleşikleri geçirmek arkaly parahatçylykly çözülmeginiň tarapdary bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz halkymyzda ata-baba ýol-ýörelge bolup gelýän töwellaçylyk däbini ýatlap: «Halkymyzyň töwellaçylyk däbiniň hem ýiti pähimlilige esaslanýandygynyň asylky manysy söze bolan garaýyş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr» diýip belleýär.

Miwe TAŇYRGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.