He­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk – pa­ra­hat­çy­ly­gyň binýady

19 Noýabr 2021
1283

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan sebi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy we hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry he­mi­şe ile­ri tut­ýar. Bu ýur­dumy­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň oňyn Bi­ta­rap­lyk we hoş­ni­ýet­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­relge­le­ri­ne esas­lan­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk her bir türk­menis­tan­ly üçin örän mu­kad­des dü­şün­je­dir. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýag­da­ýy ýur­du­my­zyň köp­ta­rap­ly kuwwa­ty­ny art­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Şeý­le müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­megi ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­ny dün­ýä ýaý­ma­gy­nyň, hal­ky­myzyň ru­hy taý­dan gal­kyn­ma­gy­nyň, äh­lu­mumybäh­bit­lerug­run­dagiňhal­ka­rahyz­matdaş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň yg­ty­bar­lybin­ýa­dy bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­rama­sy ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­magy dün­ýä de­re­je­sin­de be­lent ab­raý­dyr.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, iri halkara guramalary, daşary ýurtlar bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk köprülerini ýola goýan ýurdumyz daşary syýasy strategiýasyny ynanyşmagyň hem-de özara hormat goýmagyň mizemez ýörelgeleri bilen baglanyşdyrýar. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylygyň, birekbiregi hormatlamagyň, doganlygyň asylly ýörelgelerine daýanylýar. Bu mäkäm binýat geljege ynamly garamaga, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli we uzak möhletleýin hem-de durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň örän möhüm ýagdaýy bolup çykyş edýän açyk, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň, ynsanperwerlikli ýol-ýörelgeleriniň çuňňur many- mazmuna eýedigini beýan edýär. Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň berkarar bolmagy we durnukly ösüş ugrunda ynamly öňe gitmegi ýurdumyzyň eşretli geljegini kepillendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary hemişe goldanylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly » atly Kararnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini gyşarnyksyz dowam etdirýär, oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň we umumadamzadyň bähbitlerine gönükdirilen parasatly syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Geçen ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy bellenip geçildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen dünýäniň 185 ýurdy tarapyndan biragyzdan ykrar edilen we Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen ikinji gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni » diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, geçen döwürde ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk daşary syýasaty öz netijeliligini, dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi. Hemişelik Bitaraplygyna esaslanyp, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde hem çäreleri amala aşyrýar. Umuman, türkmen döwleti özüniň hemişelik bitaraplyk syýasatyna eýerip, dünýä döwletleri bilen syýasy hem-de söwda- ykdysady gatnaşyklaryny ösdürýär. Ol hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň beýik ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň doly subutnamasydyr. Yslamberdi TYLLANUROW, Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň uly mugallymy.