«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

22 Noýabr 2021
1187

ASYRYŇ ÝAŇY

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan ýaş türkmen döwletiniň ykbalynda täze taryhy sahypany açdy. Hemişelik Bitaraplyk parahatçylyga, agzybirlige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň üsti bilen halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine uly itergi berdi. Türkmeniň Bitaraplyk taglymatynyň esasynda amala aşyrylýan şeýle tutumlar dünýäniň ünsüni çekdi. Şoňa laýyklykda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda adybir Rezolýusiýa gaýtadan kabul edildi.

Şahadat SEIDNAZAROWA,
Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.