Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek

18 Noýabr 2021
1113

Döwlet Baştutanymyzyň badalga berýän giň möçberli maksatnamalary ýurdumyzyň asudalygynyň berkidilmegine, dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga berýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýöredilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri, iri halkara guramalary bilen köpugurly hem-de giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi diýseň uly mana eýe boldy. Çünki baky Bitaraplyk we parahatçylyk biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ynanyşmak bolsa onuň gözbaşydyr. Ynanyşmak bar ýerinde parahatçylyk rowaçlanýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň esasynda baky Bitaraplygyň we parahatçylygyň oňyn netijeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň dürli ugurlarynda aýdyň görünýär. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada şeýle bellenilip geçilýär: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň oýlanyşykly we syýasy taýdan adalatly daşary ykdysady strategiýasyny ýöretmegiň, onuň deňhukuklylyga, özara bähbide we Türkmenistanyň hyzmatdaşlarynyň bähbitlerini hasaba almaga esaslanan «Açyk gapylar» syýasatyny netijeli durmuşa geçirmegiň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär».

Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.