Äleme ýaň salan waka

24 Noýabr 2021
960

Şan-şöhratly Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara, buýsançly senelere, toý-dabaralara beslenip gelýär. Baýramlaryň seresi, bagtymyzyň çyragy, göwnümiziň küýsegi Halkara Bitaraplyk gününiň baýramy hem dünýä ýaýylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň binasynyň öňünde baýdaklar içinde saýlanyp, pasyrdap duran ýaşyl Baýdagymyz bagtymyzyň buşlukçysydyr, parahatçylygyň, Bitaraplygyň güwäsidir.

Garaşsyz Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine sary alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň saýasynda medeniýet ulgamynda-da uly işler alnyp barylýar. Halkara derejesinde geçirilýän forumlaryna, aýdym-saz, teatr festiwallaryna, sergilere, dünýäniň çar künjeginde guralýan medeni saparlara medeniýet işgärleriniň gatnaşmagy olaryň döredijiliginiň has-da kämilleşmegine getirýär. Döwletli Diýarymyzda tutulýan toý-dabaralarda bolup, halkymyzyň nurana ýüzlerindäki mähir-muhabbeti, gözlerindäki şatlyk uçgunlaryny görmek biz — medeniýet işgärleri üçin uly bagt.