Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly

23 Noýabr 2021
1026

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy has-da ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalary, dünýä ähmiýetli başlangyçlary ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzyň dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan ýurtlaryň birine öwrülmegi üçin beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bütin ynsanyýetiň rowaç ýaşaýşyny üpjün etmegiň hatyrasyna işläp düzen hem-de müňýyllygyň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumadamzat bähbitli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge goşýan saldamly goşantlary çuňňur many-mazmuna eýedir.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan syýasat Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebitleýin we ählumumy ähmiýetli energetika, ulag ulgamlaryndaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýle buýsandyryjy wakalardan görnüşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär. Milli Liderimiziň alyp barýan hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty parahatçylygyň has-da berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirýän hem-de halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe bolýan başlangyçlarynyň ähmiýeti bütin dünýäniň halklary üçin diýseň ähmiýetlidir.

Muhammetsadyk ŞIRLIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.