Parahatçylygymyzyň şuglasy

22 Noýabr 2021
1042

Gahryman Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylymyzyň buýsançly senesi golaý gelýär. Şu sene golaý geldigiçe-de dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletiň biziň ata Watanymyz — eziz Türkmenistanymyzdygy baradaky jümle aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda toýlanylýandygy bu senäniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Sebäbi ýurt Baştutanymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilikligiň we ynanyşmagyň ýörelgelerine eýerýär. Bu parasatly syýasatyň baş maksady dünýäde parahatçylygy pugtalandyryp, özara bähbitli we deňhukukly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmek bolup durýar. Milli Liderimiziň türkmen halkynyň parahat, abadan durmuşyna şuglasyny saçýan bu syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär we uly goldawa eýe bolýar. .