"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Nusgalyk ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan daşary syýasaty Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine esaslanýar. Bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolup, halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolýan, energetika, ulag we kommunikasiýa, ekologiýa meseleleri boýunça özara bähbitli başlangyçlary öňe sürýän berkarar döwletimiziň mertebesi dünýäde barha ýokarlanýar. Hemişelik Bitaraplyk düşünjesi indi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň aňyna hem ymykly ornaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Şu günler halkymyz bu şanly senäni uly üstünlikler bilen dabaralandyrmak ugrunda joşgunly zähmet çekýär. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ata-babalarymyzyň nesillerine goýup giden gymmatly mirasydyr. Geçmişde pederlerimiziň ýüze çykan meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözendigi bize mälimdir. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzdan bize miras galan bu ajaýyp häsiýetleri bütin dünýäde parahatçylygyň hatyrasyna ulanmak üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden edýän çykyşlary her bir ynsanda hoşallyk duýgusyny oýarýar. Mähriban Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda Şükür bagşynyň keşbiniň janlandyrylyşy, elbetde, islendik okyjyny biparh goýmaýar. Ýaragyň ýerine öz dutaryny saýlap, uly meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözen Şükür bagşy parahatçyly

Täze kitap çapdan çykdy

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen taýýarlanylan «Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy çapdan çykdy. Ol Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Täze neşiriň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda çap edilmeginiň çuňňur manysy bar. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň öň ýanynda neşir edilen kitabyň birinji tomy Aşgabatdan hem-de Ahal welaýatyndan bolan türkmenistanly gahrymanlara bagyşlanypdy. «Hatyra» kitabynyň her neşiri milli Liderimiziň: «Ýüreklere öçmejek ýaralar salan ýalynly uruş ýyllarynda halklary birleşdiren dostluk, düşünişmek we özara goldaw bermek däplerimiz bu gün dünýä döwletleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde pugta esas bolup durýar. Biziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen, ynsanperwerlik we döredijilik däplerine esaslanýan döwlet syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde oňyn halkara gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda çykyş edýär» diýen sözleri bilen açylýar.

Parahatçylygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi ruhubelentlik bilen bellemäge giň gerimde taýýarlyk görýär. Uludan tutulýan toý dabaralar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýurdumyzyň kuwwatly we berk binýatly, mizemez döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy bolup, kalplara joşgun berýär. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary yzygiderli alyp barýar. Ata Watanymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz iri we abraýly halkara guramalary, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär, bu babatda oňyn netijeler gazanýar. Şeýlelikde, döwletimiz halkara derejesinde uly abraýa, mertebä eýe bolýar.

Köňül çyragy

Ýurdumyzyň merjen şäherinde halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alnyp bina edilýän ajaýyp desgalar Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň aýdyň dabaralanmasy boldy. Bitaraplyk — ösüşlerimiziň özenidir. Bitaraplyk — dost-doganlyk şamçyragydyr. Bitaraplyk — agzybirligi, parahatçylygy üpjün edijidir. Ynsan durmuşynyň ömür örküniň özeni öňe gitmekdir, belent sepgitlere ýetmekdir. Bagtyýar durmuşa ýetmek üçin bilelikdäki ädimler, birleşen tagallalar zerurdyr. Düşünişmek, ynanyşmak, ylalaşmak wajypdyr. Bu günki gün hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk binýady döwletimizi görlüp-eşidilmedik üstünliklere ýetirdi. Halkymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlygy has-da berkedi, özara bähbitli hyzmatdaşlyk täze derejelere çykdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary arkaly hemişelik Bitaraplygymyzyň hukuk binýadynda dünýä halklaryny parahatçylyga çagyrýan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen teklip ikelläp goldanyldy. Bu üstünlikleriň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň ösüş arkaly parahatçylyk taglymaty bar.

Bitaraplyk — belent mertebe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar, döwletara gatnaşyklary ýokary depginli ösdürilýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan Watanymyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden Bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürüp başlady. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanýan, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalmagyna getirdi.

Dünýä uzaýan menziller

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl şan-şöhratly ata Watanymyzyň ösüşlerine bat beren, il-ýurt bähbitli, buýsançly wakalara beslenip tamamlanyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli açylyp, ulanylmaga berlen binalardyr desgalar, toplumlar, dünýä derejeli ýollar, seýilgähler eziz Watanymyzyň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletdiginiň subutnamasyna öwrülip, köňüllerde buýsanç duýgusyny döretdi. Gazanylan üstünlikler, görlüp-eşidilmedik ösüşler agzybir halkymyzyň mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda rowaçlygyň röwşen menzillerine batly gadam urýandygynyň güwäsine öwrüldi. Bu nurana ýollarda goşa ganatymyz — mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz ygtybarly daýanjymyzdyr. Ählitaraplaýyn gülläp ösýän ýurdumyzyň nebitgaz senagaty hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi we uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde sebitiň we tutuş dünýäniň ykdysady ösüşine hem kuwwatly itergi berýär, ynsanperwer ýörelgeleri ýöretmek bilen, parahatçylygy pugtalandyrýar. Müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek taglymaty hormatly Prezidenti

Bitaraplyk beýik döwrüň badydyr

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjiligiň ykrary hökmünde halkymyzyň, edil şonuň ýaly-da tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen umumadamzat maksatly, dünýä bähbitli uly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň parahatçylygy, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy we döwletara hyzmatdaşlyklary nazarlaýan nusgalyk işler bilen abraýynyň barha artmagy netijesinde dünýä ýurtlarynyň, halkara bileleşikleriniň giň goldawyna eýe bolmagy döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oňyn daşary syýasatymyzyň ýokary ösüşlere eýe bolýandygyna güwä geçýär. Bagtyýarlyk döwrümiziň belent däbine eýerilip, her ýylymyza berilýän şanly atlar Garaşsyz Diýarymyzy has-da belent ösüşlere besleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gözel Aşgabadyň 140 ýyllygynyň we ata-baba arzuwlanyp ýetilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen, taryhyň altyn sahypasyna ýazylan 2021-nji ýylymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip atlandyrylmagy döwletimiziň amal edýän şöhratly ösüşleri netijesinde şu ýylky bolup geçen syýasy wakalarymyz bilen aýrylmaz baglanyşygyny kesgitleýär. Ýyllaryň adyna berilýän her bir şygar astynda durmuşa geçirilýän her bir ajaýyp iş ýurdumyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Hormatly Arkad

Parahatçylyk we ynanyşmak

Türkmen halky — beýik millet. Hormatly Prezidentimiz XXI asyrda milletimiziň at-owazasyny, abraý-mertebesini, şan-şöhratyny täzeden dünýä ýaýdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu beýik işleri buýsanjymyza buýsanç, begenjimize begenç, guwanjymyza guwanç goşýar. Täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy babatda tutuş halkymyz tarapyndan teklip edilmegi bolsa şol buýsanjymyzy, begenjimizi, guwanjymyzy iki esse artdyrdy. Häzirki döwürde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ugurlarda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Berkarar Watanymyzda ýetilen belent sepgitler, ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeler milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasat bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary dünýä derejeli uly işlere badalga berýär. Şolaryň esasynda milli Liderimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, hoşniýetli daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler kalplarymyza nur çaýýar. Mähriban Arkadagymyz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda ynsanperwer «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barýar. Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bil

Hemişelik Bitaraplygymyz — buýsanjymyz

Ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ine, şeýle baýramçylyklaryň biri hem, Halkara Bitaraplyk günüdir. Bu baýram diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinde hem bellenilip geçilýär. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. 2017-nji ýylyň fewralynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni» diýlip Kararnama kabul edildi. Häzirki zaman dünýäsinde Türkmenistanyň parahatçylyk we hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn seslenmä eýe bolýar. 2019-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk toýuna bagyşlap, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestri Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynda baýramçylyk konsertini geçirdi. Baýramçylyk konsertinde kirişli saz gurallary orkestri, halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Tahyr Ataýewiň dirižýorlygynda ajaýyp sazlary ýerine ýetirdi. Ondan başga-da, konserwatoriýanyň talyplary täsir galdyryjy aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu aýdymlaryň käbiriniň daşary ýurt dillerinde ezberlik bilen ýe

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna

Bagtymyzyň gözbaşy Milli Liderimiziň baştutanlygynda şan--şöhraty artyp, at-owazasy dabaralanýan hemişelik Bitarap ýurdumyzda watansöýüjilik, rowaçlyk, abadançylyk ýörelgelerine esaslanyp amala aşyrylýan möhüm işleriň netijesinde agzybir halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üpjün edilýär. Eziz ýurdumyzda her gün zähmet ýeňişlerine beslenýär.

Demokratik ýörelgeler

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Watanymyzyň, halkymyzyň abadançylygy hakynda edýän bimöçber aladalary özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Ýurdumyz gysga wagtyň içinde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy, at-abraýy dünýä doldy. Halkyň ýaşaýyş derejesi, durmuş üpjünçiligi has-da gowulandy. Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary külli türkmen ilini joşgunly zähmete ruhlandyrýar, halkymyzy bagtyýarlyk ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň töweregine has-da jebisleşdirýär. Halkymyzyň ähli gatlaklaryny jebisleşdirmäge, olaryň bir jan, bir ten bolup ýaşamaklaryna, işlemeklerine ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, olaryň işjeň agzalary öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Goşa toýuň dabarasy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Diýarymyzyň ähli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, oba hojalygynda, şeýle hem daşary syýasatda belent sepgitlere ýetilýär. Umuman, bu gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin gije-gündiz alada edýär. Çünki, adam hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň esasy üns merkezinde bolup durýar.

Toýlara beslenýän Diýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz ajaýyp wakalara, dabaraly toýlara beslenýär. Ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýuny toýlan ilimiz Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň baýramyny halkara derejesinde belläp geçer. Goşa ganatymyza öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň mähriban halkymyza beren bagtyýarlygynyň waspçysy bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň toýuny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň syýasy ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup, meýletinlik esasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň maksatlaryny hem wezipelerini ykrar edýän raýatlary birleşdirýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gülleýän eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini yzygiderli wagyz-nesihat etmek bilen, döwletimiziň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ynsanperwer demokratik jemgyýetde adam hukuklarynyň hem-de mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine goşandyny goşýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň üstünlik bilen jemlenilýän günlerinde Bitaraplygymyzyň şanly toýuna bagyşlanylyp, etrap häkimliginiň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guran medeni çäresi hem munuň aýdyň mysalydyr. Biz partiýa agzalarymyz bolup Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjili

Taryhy ähmiýetli sene

Bitaraplyk — kalbymyzyň senasy Ýakynda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Nurana” toý mekanynda “Bitaraplyk — kalbymyzyň senasy” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk çäresinde institutyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr tanslar uly şatlyk-şowhuna beslendi.

Berkarar döwletiň Bitaraplygy

Ýer ýüzünde belent ynam-ykrarly,Berkarar döwletiň Bitaraplygy.Ählumumy kadalara ygrarlyBerkarar döwletiň Bitaraplygy. Ýörelgesi dost-doganlyk ýoludyr,Ynanyşmak ýagşy niýet-pälidir,Säher dogan nurly Güneş ýalydyrBerkarar döwletiň Bitaraplygy.

Bagtly geljege şugla

Bedew bady bilen belent sepgitleri nazarlap öňe barýan döwletimiz dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolup, bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diňe bir iri milli maksatnamalary ýa-da durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda-da, abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde-de oňyn netijeler gazanýar. Bu bolsa döwletimiziň dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent abraýa eýe boljakdygyna, milli Liderimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen döwrüň möhüm meseleleriniň parahatçylykly çözülýändigine, ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň öňde goýan belent maksatlaryna laýykdygyna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän möhüm başlangyçlary hemişelik Bitaraplyk taglymatyna daýanmak bilen, dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna hem-de halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde umumadamzat bähbitli çykyşlarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde ynsan ýaşaýşynyň derejesini ýokarlandyrmak baradaky t

Bagtyýar nesilleriň ýürek joşguny

Golaýda «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti guraldy. Dabarada welaýatyň çagalar döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň hor toparynyň zeminiň parahatlygyny, asmanyň asudalygyny, dost-doganlygy wasp edýän aýdymy dünýä dillerinde ýerine ýetirmegi baýramçylyk dabarasynyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Konsertiň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlaryň aglabasy halkymyzyň kalbynda ruhy joşguna, belent buýsanja öwrülen döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine bagyşlandy. Bir söz bilen aýdanymyzda, bu şowhunly çykyşlar hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli Bitaraplyk taglymatynyň, öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň belent waspynyň gözel Diýarymyzyň bagtyýar nesilleriniň saýrak dillerinde aýdyma öwrülýändigini alamatlandyrdy.

Dost-doganlyk mekany

Şeýda bilbil şat saýraýar, maýyl bolup baglaryňda,Külli türkmen bagtyýardyr bu ajaýyp çaglaryňda,Göroglynyň, Pyragynyň yzy bardyr daglaryňda,Diýarymda ýaňlanyp dur dost-doganlyk mukamy, Ata Watan Türkmenistan — Bitaraplyk mekany.Dana, Gerçek Ogluň bilen äleme tanaldyň bu gün,Gama-gussa orun ýokdur, şatlykda ýaýnaýar göwün,Ösen ýurtlaň hatarynda özgerýäň hiç goýman kemin,

Türkmen Bitaraplygynyň giň mümkinçilikleri

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişlikde sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi bolsa türkmen Bitaraplygynyň häzirki zaman şertlerindäki ähmiýetiniň örän uludygyny aýdyň görkezýär. Ýene-de sanlyja günden ýurdumyz bu şanly senäni dünýä bileleşigi bilen bilelikde baýram eder. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tamamlanyp barýan 2021-nji ýyly dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň mazmunyny taýýarlady hem-de ol gurama agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Dünýä bileleşiginiň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere ygrarlydygyny tassyklaýan bu Kararnamada parahatçylyga we ynanyşmaga halklaryň arasynda durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş öz beýanyny tapdy. Tutuş ýylyň dowamynda anyk maksatlary göz öňünde tutýan dürli g

Ýüreklerde bir aýdym bar

Günleriň birinde garry ýa ýaşdygyňa, kimdigiňe, haýsy milletdendigiňe garamazdan, dünýäniň ähli adamlarynyň özüňe ýakynlygyny, mähribanlygyny duýarsyň. Şol pursat olaryň adaja öwüsgin bilen gelýän sedasyny eşidersiň. Gündogarda ýalbyran Kuýaşdan olaryň salamyny alyp, günbatarda ýaşyp barýan tyllaýy Günden salam ýollarsyň. Dürli dilde gepleýän, ynanç-ygtykady dürli-dürli, gara, mawy, ala, goňur... gözlerdäki mähri görersiň. Ana, şol mähir saňa dünýäniň dört künjegindäki milliardlap adamlaryň ýürek gürsüldisini eşitdirer. Ho-ol uzak Afrikadaky garaýagyzja, horajyk, okara gözleri balkyldap duran çagajygyň ýüreginiňem, alys günbataryň ösen şäher medeniýetli merkezleriniň «Ynha, şu günüň adamsy» diýdirýän adamlarynyň ýüreginiňem, asylly gyzlary, goç-goç ogullary kemala getirip, ýüzi gasyn atan aziýaly enäniň ýüreginiňem «parahatçylyk» diýip urýandygyny bilersiň. Aslynda, parahatçylyk näme?