Parahatçylygyň gözbaşy

8 Dekabr 2021
958

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi ruhubelentlik bilen bellemäge giň gerimde taýýarlyk görýär. Uludan tutulýan toý dabaralar Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýurdumyzyň kuwwatly we berk binýatly, mizemez döwlete öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy bolup, kalplara joşgun berýär.

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary yzygiderli alyp barýar. Ata Watanymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz iri we abraýly halkara guramalary, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär, bu babatda oňyn netijeler gazanýar. Şeýlelikde, döwletimiz halkara derejesinde uly abraýa, mertebä eýe bolýar.

Ogulmaral REJEPOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.