Bitaraplyk beýik döwrüň badydyr

8 Dekabr 2021
968

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüjiligiň ykrary hökmünde halkymyzyň, edil şonuň ýaly-da tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen umumadamzat maksatly, dünýä bähbitli uly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň parahatçylygy, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy we döwletara hyzmatdaşlyklary nazarlaýan nusgalyk işler bilen abraýynyň barha artmagy netijesinde dünýä ýurtlarynyň, halkara bileleşikleriniň giň goldawyna eýe bolmagy döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oňyn daşary syýasatymyzyň ýokary ösüşlere eýe bolýandygyna güwä geçýär.

Bagtyýarlyk döwrümiziň belent däbine eýerilip, her ýylymyza berilýän şanly atlar Garaşsyz Diýarymyzy has-da belent ösüşlere besleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda gözel Aşgabadyň 140 ýyllygynyň we ata-baba arzuwlanyp ýetilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen, taryhyň altyn sahypasyna ýazylan 2021-nji ýylymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip atlandyrylmagy döwletimiziň amal edýän şöhratly ösüşleri netijesinde şu ýylky bolup geçen syýasy wakalarymyz bilen aýrylmaz baglanyşygyny kesgitleýär. Ýyllaryň adyna berilýän her bir şygar astynda durmuşa geçirilýän her bir ajaýyp iş ýurdumyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasy esasynda her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip bellenilmegi-de türkmeniň ruhy dünýäsine, biziň gadymdan gelýän ata-baba asylly ýörelgelerimize häli-häzire çenli eýerip gelýändigimizden, dünýä halklaryna parahatçylyk goluny uzadýandygymyzdan habar berýär.

Baýmyrat MUSAÝEW,
«Esger».