Täze kitap çapdan çykdy

8 Dekabr 2021
992

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen taýýarlanylan «Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy çapdan çykdy. Ol Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Täze neşiriň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda çap edilmeginiň çuňňur manysy bar. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygynyň öň ýanynda neşir edilen kitabyň birinji tomy Aşgabatdan hem-de Ahal welaýatyndan bolan türkmenistanly gahrymanlara bagyşlanypdy.

«Hatyra» kitabynyň her neşiri milli Liderimiziň: «Ýüreklere öçmejek ýaralar salan ýalynly uruş ýyllarynda halklary birleşdiren dostluk, düşünişmek we özara goldaw bermek däplerimiz bu gün dünýä döwletleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde pugta esas bolup durýar. Biziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen, ynsanperwerlik we döredijilik däplerine esaslanýan döwlet syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde oňyn halkara gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda çykyş edýär» diýen sözleri bilen açylýar.

«Aşgabat».